Redminiň ýylyň birinji flagmany bolan Redmi K50 Game Edition 18-nji fewralda çykdy we resmi satyş hasabatynda ilkinji bir minutynda 280 million ýuany ýa-da 44,2 million dollarlyk satmagy başardy.
Redminiň resmi Weibo sahypasynda Redmi K50 Game Edition sökülüş wideosy ýüklendi.
Wideony döredijiler, innowasiýanyň dowamlylygyna baha bermegiň ýerine, enjamda ulanylýan komponentleriň hilini açmagy maksat edinýärler.

Arka gapagyň açylmagy bilen telefonyň içki gurluşy bir seredişde özüni görkezýär. Sökmegiň dowamynda; Grafeniň ýylylyk paýlaýyş materialyndan, 3 ölçegli ýokary güýçli grafitden we mis + bor nitridinden bolan ýylylyk paýlaýyş ulgamy biziň öňümizde peýda bolýar. Ýöne iň esasy zat, protsessory örtýän 4860 mm2 meýdany bolan mis radiator sowadyş sistemasydyr. JBL giň zolakly dört birlikli gürleýji( динамика) nähili görünýär Geliň görüň .

Redmi K50 Game Edition aýratynlyklary ýatladyp geçsek.
Protsessory Snapdragon 8 Gen 1 (1 × 3.00 GHz Cortex-X2 & 3 × 2.50 GHz Cortex-A710 & 4 × 1.80 GHz Cortex-A510) – Adreno 730 GPU
Ýat we RAM: 8 GB / 12 GB RAM – 128 GB / 256 GB
Ekrany: 6.67 dýuým – AMOLED – 120 Hz täzelenme, 480 Hz sensor nusga alma tizligi Gorilla Glass Victus bilen goralýar
Başgalar: Fiziki oýun trigger, stereo gürleýji(dinamika) Wi-Fi 6E, Bluetooth 5.2, NFC
Yzky kamera: 64 Megapiksel f / 1,7
giň burç – 8 Megapiksel f / 2.2
ultra giňlik – 2 Megapiksel f / 2.4 makro
Öňki kamera: 20 megapiksel
Batareýa we zarýad: 4700 mAh – 120W çalt zarýad goldawy – 17 minutda 100 göterim zarýad
Operasiýa ulgamy: Android 12 operasiýa ulgamy MIUI 13 interfeýsi
Ölçegi : 162.5 x 76,7 x 8,5 mm
Agramy – 210 gr
Bahasy: 8 GB RAM + 128 GB – 521 dolar
12 GB RAM + 128 GB – 568 dolar
12 GB RAM + 256 GB – 615 dolar
12 GB RAM + 128 GB (Mercedes AMG F1) – 662 dolar
