Apple kompaniyasy iPhone we beýleki enjamlaryny satmagyň ýerine aýlyk kärende hyzmatyny hödürlemegi meýilleşdirýändigi barada myş-myşlar ýaýrady. Bu hyzmat ulanyjylara enjamy belli bir wagtyň dowamynda doly satyn almazdan, ýagny smartfona eýe bolmazdan ulanmaga mümkinçilik berýär we täze enjam çyksa, köne enjamyny yzyna berip ýerine täze enjamy kärendesine alyp biler. . Kompaniýa üçin bu hyzmat satyşy we girdejini artdyrar .
Häzirki wagtda her ýyl çykýan iPhone -leriň täze neslini diňe Apple-niň has gowy görýän janköýerleri almasa Sarp edijileriň köpüsi diňe zerur diýip pikir edenlerinde İPhonelerini täzeleyarler, mysal üçin:
Smartfonyň ekrany döwüldi we işlese-de täze enjam satyn almaly bolar;
Telefon şeýle bir könelýär welin, iň täze iOS ýa-da täze programmalary işledip bilmeýär;
Has uly ekran ýa-da has köp ýat gerek bolanda;
Käwagt täze iPhone-yň dizaýnynda uly üýtgeşme bolar, şeýle bir özüne çekiji bolup, ony satyn almaga mynasyp görüler;
Statistikalara görä, ortaça Phone ulanyjysy her üç ýylda bir enjamyny 825 dollara täzeleýär. Şonuň üçin Apple köpräk satyş etmek üçin enjamlaryny kärendesine bermek üstünde işleýär. Tanymal Apple analitigi Mark Gurman iPhone 13, Pro we Pro Max -yň aýlyk kärende bahasynyň 35, 45 we 50 dollar bolup biljekdigini aýtdy. Bu ýagdaýda Kompaniýa şeýle peýda görer:
iPhone 13 (aýda 35 dollar): üç ýylda bir gezek 799 dollaryň ýerine 1260 dollar bolar
iPhone 13 Pro (aýda 45 dollar): 999 dollaryň ýerine 1620 dollar bolar
iPhone 13 Pro Max (aýda 50 dollar): 1099 dollaryň ýerine 1800 dollar bolar
Müşderilere peýdasy, täze iPhone üçin öňünden ýüzlerçe dollar tölemeli bolmaz. Şeýle hem, her üç ýylda däl-de, her ýyl iň täze modele çalyşyp kärendesine alyp ulanmaga dowam edip bilerler. Köne modelleri Apple bolsa ikinji üçünji sapar şol IPhoneleri başga müşderilere kärendesine berer. Şeýle hem, kompaniýa, Apple-niň sanly Apple One abonentligi ýa-da iPhone Care tehniki hyzmatyny abuna ýazylyşyny goşmak bilen goşmaça girdeji edip biler.
Apple-niň bu hyzmaty haçan çykarjagy entek belli däl, ýöne şu ýylyň ahyryna çenli çykmagy mümkin.
