Başarsaňyz, bu smartfonlary ulanmaň!

Bir günde azyndan 3-4 sagadymyzy smartfonlarymyzy ulanyp geçirýäris. Smartfonlary aşa köp ulanmak diňe bir gymmatly wagtymyzy ogurlaman, eýsem saglygymyza hem ýaramaz täsir edýär. BanklessTimes, häzirki wagtda iň köp radiasiýa ýaýradýan SAR (Specific absorption rate-Ýörite siňdiriş tizligi) smartfonlarynyň sanawyny çykardy. Netijeler bir kilogram üçin wattda (W / kg) hasaplanýar.

Sanawa görä, Motorola Edge smartfonlary iň köp radio tolkunlaryny çykarýan smartfon adyna eýe boldy. Ondan bir basamak aşakda ýerleşýän ZTE Axon 11 5G-den 0,20 W / kg köp radiasiýa çykýar. Ilkinji üçlik we ilkinji onluk degişlilikde OnePlus 6T we OnePlus 6 smartfonlary bilen tamamlanýar.

Sony-niň iki smartfony hem SAR reýtinginde ilkinji onluga girýär: dördünji orunda Xperia XA2 Plus we sekizinji ýerde Xperia XZ1 Compact.

Goole smartfonlary ilkinji onluga iň köp oruna eýe . Pixel 3XL we Pixel 4a yzly-yzyna bäşinji we altynjy, Pixel 3 bolsa dokuzynjy orunda durýar.

Oppo-yň Reno5 5G smartfony hem iň köp elektromagnit tolkunlary çykarýanlaryň sanawynda altynjy orunda durýar.

Ähli mobil telefonlarynyň belli bir derejede radiasiýa çykarýandygyny bellemelidiris. Şeýle-de bolsa, olaryň näçe radiasiýa ýaýradýandygy enjamyň görnüşine we modeline, ýaşyna we geçýän antennanyň güýjüne, şeýle hem iň ýakyn öýjük diňine çenli aralyk ýaly faktorlara baglydyr.

Häzirki wagtda smartfonlardan çykýan radio tolkunlarynyň adamlara zyýan ýetirýänligine hiç hili subutnama ýok, ýöne olaryň rak keseli howpyny ýokarlandyryp biljekdigi aýdylýar.

Teswir ýazyň

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir

Scroll to Top