Google-nyň Android we Apple-niň IOS-lary köp ýyl bäri akylly telefon operasiýa ulgamynda agdyklyk edýär.
Android we iOS bäsleşigi gyzýar. Häzirki wagtda 10 telefondan 7-si Android operasiýa ulgamynda işleýär, galan 3 telefondan 2-si iOS-platformasynda işleýär. Hatda gaty pes görkeziji bolsa-da galan her üç telefonyň biri has az bilinýän operasiýa ulgamlaryndan birini ulanýar. Ýöne bazar maglumatlaryna seretseňiz, Android-iň güýjüne beýleki oýunçylaryň artýan basyşy howp salýar.
Bir saýt Android-iň operasiýa ulgamlaryndaky global agdyklyk etmeginiň azalýandygyny görkezýän maglumatlary berdi. 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda Android ulgamynyň bazar paýy 69,7 göterim boldy. Munuň tersine, ulgamyň 2018-nji ýylyň iýul aýynda bazar paýy 77,3% – di. Şoňa görä-de, soňky 5 ýylda Android ulgamlarynyň bazardaky paýy takmynan 7,5 göterim azaldy.

Hünärmenler bu ýagdaýa baha berip, Android-iň bazardaky paýynyň ýitmeginiň operasiýa ulgamlaryndaky bäsdeşligiň ýokarlanmagy bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar. Maglumatlara seretseň, 2018-nji ýylyň iýulyndan 2022-nji ýylyň ýanwary aralygynda Android -iň paýy 8 göterime golaý azaldy, IOS-yň bazardaky paýy 6 göterim ýokarlandy. Şeýle-de bolsa, IOS-yň umumy paýy 19,4% -den 25,4% -e çenli ýokarlandy. Beýleki kiçi göwrümli operasiýa ulgamlar hem Android-den 1,5% paý almagy başardy.
