Google enjamlarynyň ekosistemasyny giňeldýär.

Google-yň her ýylky geçirilýän I / O 2022 çäresi hem geçirilip gutaryldy. Şereketiň köpden bäri myş-myş bolup gelýän Pixel enjamlaryny resmi taýdan tanyşdyryldy.

Google Pixel 7 va Pixel 7 Pro

Hawa, Google bu çäräniň dowamynda täze nesil Pixel smartfonlaryny görkezdi. Birneme üýtgedilen arka paneli we kamera görnüşi dizaýny bolan Pixel 7 we Pixel 7 Pro, öňküsi ýaly iki we üç kamera bilen şu güýzde satuwa çykarylar.

Google Pixel 6a

Kompaniýanyň köpden bäri garaşylýan önümlerinden biri bolan orta derejeli Pixel 6a ahyrsoňy tanyşdyryldy. Smartfon ekrany 6.1 dýuým 60Hz täzelenme tizligi bilen üpjün edilendir, arka tarapynda iki kamerasy : 12MP ultra giň we 12.2MP giň kamera ýer alýar. Smartfonyň ýüreginde kompaniýanyň özüniň Tensor çipi işleýär we enjam 6 Gb RAM we 128 Gb içerki ýat we 4,410 mAh akkumulýatory bilen enjamlaşdyrylandyr. Geçen ýylky modeli bilen bir hil bahasy (449 dollar) bolan Pixel 6a üçin deslapky sargytlar 21-nji iýulda başlar.

Google Pixel Watch

Internetde köp çekeleşilen Pixel Watch akylly sagadynyň çykaryljagy hem resmi taýdan yglan edildi.Täzelenen Wear OS 3 wersiýasynda işleýän akylly sagadyň şu güýzde Pixel 7 seriýasy bilen çykaryljakdygy habar berildi, şol sebäpli enjamyň aýratynlyklary we bahasy barada jikme-jik maglumat berilmedi.

Google Pixel Buds Pro

Şeýle hem bu çäräniň iň ýokary derejeli önümlerinden biri bolan kompaniýanyň Pixel Buds Pro nauşnikleri hem tanyşdyryldy. Işjeň sesi ýatyrýan funksiýasy bilen ulanylanda 7 sagada ýetjek batareýa eýe nauşnikler Pixel 6a bilen bir günde bahasy 199$ dan satyşa çykar.

Google Pixel Tablet?

Çäräniň dowamynda Google-yň “Android” -de işleýän premium planşetini çykarjakdygy habar berildi.Pixel planşeti barada entek köp zat bilinmese-de, 2023-nji ýylda Tensor çipi bilen çykarylmagyna garaşylýar.

Google AR Glass

Tanyşdyrylyşyň ahyrynda kompaniýa täze önümleriniň ýene biri bolan AR äýnegini görkezdi. Enjamyň esasy aýratynlyklaryndan biri, ulanyja söhbetdeşiň sözlerini reýal wagtda terjime etmäge we göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýär. Bu dünýä üçin subtitrlere meňzeýär. Gynansagam, onuň tehniki aýratynlyklary we haçan we haýsy bahadan çykaryljakdygy barada maglumat ýok.

Google bu täze enjamlary bilen öz enjamlarynyň ekosistemasyny hem döredýär diýip bileris.

Teswir ýazyň

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir

Scroll to Top