Phone 16 bilen geljek Apple Intelligence aýratynlyklary şu ýyl köp gürleşiler. Tim Cook-a görä, köne iPhone ulanyjylar hem täze iPhone 16 seriýasyna geçer.
Apple CEO’sy Tim Cook, Apple Intelligence bilen hödürleýän mümkinçilikleriniň, köne iPhone ulanyjylaryna iPhone 16 aldyryp biljekdigini pikir edýär. Apple dünýäde takmynan 1.5 milliard işjeň iPhone ulanyjysyna eýe we bu ulanyjylaryň belli bir göterimi her ýyl enjamlaryny täzeläp durýar. Cook-a görä şu ýyl ulanyjylary täze modellere geçirjek sebäpler…
Tim Cook, näme üçin iPhone 16 almaly soragyna jogap berdi.
Apple Intelligence, emeli aň ulanyp ýazýan e-poçtaňyzyň ýa-da habaryňyzyň tonuny üýtgedip bilýär. Emma bu aýratynlyk, iň az 8GB RAM talap edýär. Häzirki modelleriň diňe iPhone 15 Pro we iPhone 15 Pro Max bu aýratynlygy goldaýar.
iPhone 16 seriýasynda bolsa ähli modeller (iPhone 16, iPhone 16 Plus, iPhone 16 Pro we iPhone 16 Pro Max) 8GB RAM bilen gelýär. Tim Cook, Apple Intelligence bilen gelen täzelikleriň hemmesiniň 2024 iPhone modellerinde işlejekdigini aýdýar. Tim Cook, Apple Intelligence-nyň hödürleýän funsiýalaryň ýokarydygyny we ulanyjylaryň şu sebäpli täze modellere geçjekdigine ynanýandygyny belleýär.
“Apple Intelligence bilen ulanyjylara hödürlejegimiz gowylandyrmalara gaty tolgunýarys we munuň ulanyjylar üçin özüne çekiji model täzelemeklerine sebäp boljaklygyna ynanýarys”diýýär.
iPhone 16 seriýasynda nähili täzelikler bar?
Ulyrak ekran: Pro modellerinde ekranlar ulalýar. iPhone 16 Pro-nyň ekrany 6.1 dýuýmdan 6.3 dýuýma, iPhone 16 Pro Max-iň ekrany bolsa 6.7 dýuýmdan 6.9 dýuýma çykýar.
Kämilleşdirilen kamera: Pro modeller, geçen ýyl iPhone 15 Pro Max-de tanyşdyrylan Tetraprism periskop linzasy bilen gelýär we 5x optiki zoom hödürleýär. Şeýle hem, 48MP ultra giň kamera bilen enjamlaşdyrylar.
Täze prosessor: iPhone 16 Pro we iPhone 16 Pro Max, TSMC tarapyndan öndürilen ikinji nesil 3nm prosessor (A18 Pro) bilen güýçlendiriler. iPhone 16 we iPhone 16 Plus modelleri bolsa A18 AP prosessora eýe bolar.
Täze düwme: 2024 iPhone modelleriniň hemmesi, ulanyjylaryň zoom etjek ýa-da surata düşürjek täze Capture düwmesine eýe bolar.
Action düwmesi: iPhone 16 we iPhone 16 Plus, iPhone 15 Pro we Pro max seriýasynda bar bolan Action düwmesine eýe bolar.
Täze iPhone 16 seriýasy indiki aýyň başlarynda tanyşdyrylar we şol aýyň içinde satuwa çykarylyp bilner.


