Kanadaly filosof Marşal MakLuhan: «Dünýä global oba öwrüler» – diýip belläpdi. Bu söz düýşlerden çykdy we indi hakykata öwrüldi. Şübhesiz, bu prosesiň iň uly aktýory tehnologiki ösüşler sebäpli getirilen internetdir. 1960-njy ýyllarda ABŞ-da döredilen internet 1990-njy ýyllardan bäri çalt ýaýrady we 2006-njy ýylda dünýäde internet ulanyjylarynyň sany 1,093 milliard boldy.
Internet global derejede biri-birine bagly kompýuter torlarynyň arasynda geçirişe rugsat berýän ulgam hökmünde adaty aragatnaşyk serişdelerini düýpgöter üýtgetdi we adamlaryň bir ýere toplanmagyna zerurlyk bolmazdan, serhetsiz ähliumumy peýdalanyş kanalyny döretdi. Şol bir wagtda täze tehnologiýanyň täsiri astynda peýda bolan bu adatdan daşary ösüş intellektual eýeçilik hukuklary pudagynda-da hem peýdalary, hem-de käbir kemçilikleri getirdi.
Tehnologik ösüşler bilen awtorlar öz eserlerini internet ulanyjy umumadamzat köpçüligine aňsatlyk bilen giň gerimde ýaýradyp bildi. Awtor, aragatnaşyk mümkinçilikleriniň esasynda intellektual işi üçin öňküsinden has ýokary baha aldy. Şeýle hem, işini gönüden-göni bazara çykarmak mümkinçiligine häzirki zaman tehnologiýasynyň esasynda eýe boldy.
Bulardan başga-da bu ýerde käbir töwekgelçilikler barada hem bellemek zerurdyr. Sanly görnüşdäki eserler, hak eýeleriniň rugsady bolmazdan sanly gurşawda hatasyz görnüşde köpeldilýär we kämil programmalar bilen henize çenli görlüp-eşidilmedik tizlikde bütin dünýä ýaýradylýar. Bu ulanylyş usuly eserden adaty ýagdaýda peýdalanmakdan has ýörgünli bolan usuldyr.
Wirtual gurşawda iň köp orun eýeleýän eser görnüşi aýdym-saz sungatydyr. MP3-iň açylmagy bu ýagdaýyň esasy sebäbidir. Aýdym-saz eserleriniň işlenilip düzülen elekron usula ýazgy edilen görnüşi Mp3 diýlip atlandyrylýar. MP3 diýlip atlandyrylýan bu elektron usul Germaniýanyň Erlangen şäherindäki Frauenhofer institutynda oýlanylyp tapyldy. Bu elektron usulyň esasynda bir aýdym-sazyň kompýuterde tutjak göwrümi on esse azalýar. Şeýlelikde, aýdym-saz eserlerini kompýuterde has çalt we aňsat ulanmak mümkindir. Diýmek, MP3 formata öwrülen aýdym-saz eserleriniň kompýuter ýadynda kän ýer tutmaýandygy, bu eserleri aňsatlyk bilen ýazyp bolýandygy, kompýuterde CD printerleriň üsti bilen köpeltmäge mümkinçilik berýändigi bilen tapawutlanýar. MP3 formaty aýdym-saz eserlerini kompýuterlerden gözläp tapmagy aňsatlaşdyrmaga, olaryň çalt ýaýramagyna we internet ulgamynda alyş-çalyş edilmegine mümkinçilik berdi. Mundan başga-da, «peer to peer» (P2P) ýaly işlenilip düzülen programmalaryň üsti bilen, internete birikdirilen sungat eserleriniň arasyndan Mp3 formata öwrülen aýdym-sazlary, hak eýeleriniň rugsady bolmazdan, göçürip almaga mümkinçilik döredildi. Häzirki wagtda internetde muzdsuz hödürlenýän bu programmalar ulanyjylar üçin elýeterlidir. Bu programmalaryň «Napster» diýen görnüşi merkezleşdirilen operasiýa ulgamyna eýedir. Munuň tersine, «Grokster», «StreamCast» we «Gnutella» ýaly görnüşleri bolsa, merkezleşdirilmedik operasiýa ulgamlaryny ulanýarlar. Bu alyş-çalyş programmalary diňe bir aýdym-saz eserlerine däl, eýsem filmler we programma programma üpjünçiligi programmalary üçin-de uly howp salýar. Wideo maglumatlarynyň ýazgysy üçin ulanylýan «DivX» tehnologiýasy çeper film eserleriniň wirtual gurşawda ulanyjylara hödürlenmegini aňsatlaşdyrdy.
«Big Champagne» kompaniýasynyň 2004-nji ýyldaky hasabatyna görä, 95 million P2P ulanyjy bar. P2P torlarynda 44 million film faýly 1,4 milliard ses faýly paýlaşylýar. Bir web sahypasynda mugt hödürlenen aýdym 2 günüň içinde takmynan 40 müň adam tarapyndan göçürilip alyndy. MP3 formatda hödürlenen aýdym-saz çykyşlarynyň CD we onlaýn görnüşde Türkiýede we bütin dünýäde örän uly bikanun bazary döredýändigini aýratyn bellemek gerek.
2005-nji ýylda Angliýanyň, Germaniýanyň, ABŞ-nyň 10 sany bazarynda Halkara fonografiki öndürijiler birleşigi (IFPI) tarapyndan geçirilen barlaglaryň netijelerine görä, kompýuterlere bikanun ýagdaýda 20 milliard aýdym göçürilipdir. Göçürme programmalary bilen baglanyşykly kazyýet işini dolandyrmak asla aňsat däl. Hut şu nukdaýnazardanam, aýdym-saz eserleriniň hak eýelerine internet ulanyjylary tarapyndan awtorlyk hukugy bilen goralan eserleriniň ýüklenmegine we göçürilmegine gözegçilik etmek gaty kyn bolansoň, ilkinji nobatda P2P programma üpjünçiligini öndürýän we ýaýradýan kompaniýalara garşy kazyýet işi açyldy.
