«TOYO­TA» – Ýaponiýanyň dünýä meşhur markasy

«Toyo­ta» – Ýaponiýanyň dünýä meşhur, iň naýbaşy markasydyr.  Bu marka häzirki wagtda Ýaponiýanyň awtoulag öndürýän iň uly korporasiýasy hökmünde bütin dünýäde tanalýar.  Hut şu nukdaýnazardan-da, dün­ýä­niň iň köp aw­tou­lag ön­dür­ýän kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň bi­ri bo­lan «Toyo­ta» her ýyl­da 9-10 mil­li­on ulag ön­dür­ýär. Ýa­pon bren­di bir­nä­çe ýyl­dan bä­ri Ger­ma­ni­ýa­nyň «Volks­wa­gen» kom­pa­ni­ýa­sy bi­len bi­rin­ji we ikin­ji or­ny ge­zek­li-ge­ze­gi­ne di­ýen ýa­ly paý­laş­ýar. Kä­bir aw­tou­lag brend­le­ri di­ňe bel­li bir se­bit­de has köp sa­tyl­ýan bol­sa, «Toyo­ta» ula­gy­nyň gö­ze il­me­ýän ýur­dy ýok di­ýen ýa­ly. Eý­sem, bu kom­pa­ni­ýa ha­çan esas­lan­dy­ryl­dy­ka?! Il­ki haý­sy ha­ry­dyň önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­du­ka?! Bu sowalyğ jogabyna degişli maglumatlar «gorogly.com» web saýtynda has giňişleýin beýan edilýär.

Bu internet neşiriniň maglumatlaryna görä, «Toyo­da Au­to­ma­tic Lo­om Works» kär­ha­na­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Sa­ki­çi To­ýo­da 1924-nji ýyl­da «To­yo­da Mo­del G» at­ly aw­to­ma­tik ti­kin ma­şy­ny­nyň önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­ýar. Şol dö­wür­de Ýa­po­ni­ýa­nyň da­şar­ky söw­da­syn­da ýü­pek uly orun eýe­läp­dir. Ýü­pek önüm­çi­li­gi ýurt­da iň gir­de­ji­li pu­dak bo­lup, ýüp­lük egir­ýän, do­ka­ýan ma­şyn­lar da­şa­ry ýurt­lar­dan, esa­san, Ang­li­ýa­dan ge­ti­ri­lip­dir. Ýü­pek do­ka­ýan ma­şy­ny ön­dür­mek üçin köp wagtlap kel­le dö­wen Toýo­da 1897-nji ýyl­da öz ýa­san il­kin­ji ti­kin ma­şy­ny­nyň pa­ten­ti­ni alyp­dyr. Ne­ti­je­de, işe­wür el­ýe­ter ba­ha­ly ti­kin ma­şyn­la­ry­ny köp­çü­lik­le­ýin ön­dü­rip baş­la­ýar. Soň­lu­gy bi­len öz ha­ryt­la­ry­ny Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­na hem eks­port edip­dir.

Sa­ki­çi To­ýo­da bu baş­lan­gy­jy bi­len öz ýur­du­nyň önüm­le­ri­niň Ýew­ro­pa­nyň önüm­le­ri bi­len di­ňe bir bäs­leş­me­gi däl-de, eý­sem, olar­dan ozup hem bil­je­gi­ni su­but edip­dir. 1929-njy ýyl­da Sa­ki­çi To­ýo­da ti­kin ma­şy­ny­nyň pa­ten­ti­ni «Platt Brot­hers» at­ly iň­lis kom­pa­ni­ýa­sy­na 100 müň funt ster­lin­ge sa­typ, şol pu­la hem aw­to­ulag ön­dür­me­gi ýü­re­gi­ne düw­ýär. Aw­tou­lag kär­ha­na­sy­ gur­lan hem bol­sa, ol il­kin­ji aw­to­ulag gör­mä­ge ýe­tiş­män­dir. 1933-nji ýyl­da il­kin­ji aw­to­ulaglary «Mo­del A1» bilen «Mo­del G1» kon­we­ýer­den çy­kan­da, ol aradan çykypdyr. On­dan soň­ra kom­pa­ni­ýa og­ly Kii­çi­ro To­ýo­da ýol­baş­çy­lyk ed­ýär. 

Ilkinji «Toyota» awtoulaglaryndan biri – A1 modeli

Ilkinji «Toyota» awtoulaglaryndan biri – G1 modeli

Gys­ga wagt­da «Toyo­ta» kom­pa­ni­ýa­sy dün­ýä bel­li aw­to­mo­bil bren­di­ne öw­rül­ýär. Şol dö­wür­de ABŞ-nyň öň­de­ba­ry­jy «Ge­ne­ral Mo­tors» we «Ford» aw­to­mo­bil ön­dü­ri­ji­le­ri dün­ýä­de iň meş­hur brend­ler bolupdyr. Kii­çi­ro To­ýo­da 1936-njy ýylda ýolagçy awtoulagy öndürmek işlerine badalga berdi we bir ýyldan soň – 1937-nji ýyl­da «Toyo­ta Mo­tor Com­pa­ny Ltd» atly garaşsyz kom­pa­ni­ýa­sy­ny döretdi. Ýeri gelende aýtsak, kompaniýany esaslandyryjylaryň familiýasynyň Toýoda diýip atlandyrylmagyna garamazdan, aýdylyşyny ýönekeýleşdirmek we telekeçilik işleriniň maşgala durmuşyndan tapawutlanandygynyň nyşany hökmünde kompaniýa «Toyo­ta» adyny dakmak kararyna gelindi. «Toyo­ta Mo­tor Com­pa­ny Ltd» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň döredilenine uzak wagt geç­män­kä Ýaponiýanyň hö­kü­me­ti 3 müň sa­ny ýük aw­to­mo­bi­li­ni sar­gyt ed­ýär. Bu sar­gyt kär­ha­na üçin uly gol­daw bo­lup­dyr. 1937-nji ýyl­da ön­dü­ri­lip baş­la­nan AA mo­de­li kom­pa­ni­ýa­nyň iň meş­hur mo­del­le­ri­niň bi­ri öw­rülýär.

«Toyota Model AA» markasy – öz döwrüniň iň meşhur modellerinden biri

Ge­çen asy­ryň or­ta­la­ryn­da kom­pa­ni­ýa yk­dy­sa­dy taý­dan kyn­çy­lyk çek­ýär. Şol ýag­daý­da Ki­içi­ro To­ýo­da öz ýe­ri­ne Ta­ýi­ti Ono at­ly dos­tu­ny bel­le­ýär. Ol ugur­ta­py­jy bo­lup­dyr. Ta­ýi­ti mar­ket­ler­de müş­de­ri­le­riň sa­tyn al­ýan ha­ryt­la­ry­na üns be­rip­dir. Ne­ti­je­de, adam­la­ryň ge­rek­li za­dyny di­ňe ze­rur wag­ty al­ýan­dy­gy­na göz ýe­ti­rip­dir. Bu bol­sa oňa kär­ha­na­nyň ýö­rel­ge­si­ni kes­git­le­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rip­dir – «wag­tyn­da we ýe­rin­de». Bu şy­ga­ra esas­la­nan Ta­ýi­ti kom­pa­ni­ýa­nyň iş­çi­le­ri­niň sa­ny­ny azal­dyp, önü­mi we iş­çi güý­jü­ni tyg­şyt­la­ma­ga üns be­rip­dir. Kom­pa­ni­ýa hiç wagt has köp ma­şyn ön­dü­rip, ony am­mar­lar­da ba­syp goý­man­dyr. Hat­da beý­le­ki kom­pa­ni­ýa­lar ýa­ly am­mar hem gur­man, «Tyg­şyt­ly önüm­çi­lik» ýö­rel­ge­si­ni do­wam et­dir­ýär. 1951-nji ýyl­da kom­pa­ni­ýa ýol­suz ýer­de ýö­re­ýän «Land Crui­ser» mo­de­li­ni ön­dür­ýär. 1957-nji ýyl­da ön­dü­ri­len «Crown» mo­de­li ame­ri­kan ba­za­ry­na sa­tyl­ýar. Şon­dan soňra «Toyo­ta» gys­ga döw­rüň için­de bü­tin dün­ýä­de ta­nal­ma­ga baş­la­ýar. Ame­ri­kan aw­to­kon­sern­le­ri il­ki­ba­da «Toyo­ta» kän bir üns ber­män­dir­ler. 1973-nji ýy­la çen­li «Toyo­ta» ABŞ-nyň ba­za­ryn­da 327 müň aw­to­mo­bi­l sa­týar. Şon­dan soň­ra amerikan kär­ha­na­la­ry «Toyo­ta»-nyň esa­sy bäs­deş­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rü­len­di­gi­ne göz ýe­tir­ýär­ler. «Toyo­ta» ulag­la­ry yk­jam­ly­gy, yg­ty­bar­ly­ly­gy we ar­zan ba­ha­sy bi­len müş­de­ri­le­riň göw­nün­den tur­ýar. «Toyo­ta» 60-njy ýyl­la­ryň ba­şyn­da Ýew­ro­pa ba­za­ryn­da özü­niň «Pub­lica» mo­de­li bi­len ta­na­lyp baş­la­ýar. Bu ulag ýan­gyç tyg­şyt­ly­ly­gy we ba­ha­sy­nyň el­ýe­ter­li­ligi bi­len gün­ba­tar­ly­la­ryň iň ha­la­ýan ulag­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­ýär. 1966-njy ýyl­da «Corol­la»-nyň il­kin­ji nus­ga­sy­ny ta­nyş­dyran «Toyo­ta»  kompaniýasy şol ýyl «Hi­no», 1967-nji ýyl­da «Dai­hat­su» aw­to­mo­bil kom­pa­ni­ýa­sy bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­ýar.

«Toyota Corolla 1966» markasy – öz döwründe bütin dünýäde meşhurlyk gazanan awtoulag modellerinden biri

1972-nji ýyl­da kom­pa­ni­ýa 10 mil­lio­nyn­jy aw­to­mo­bi­li­ni ön­dür­ýär. 1978-nji ýyl­da hem il­kin­ji öň­den­çe­kiş­li aw­to­mo­bi­li­ni – «Tercel»-i ön­dü­rip baş­la­ýar. Kom­pa­ni­ýa 1976-njy ýyl­da 20 mil­li­on, 1980-nji ýyl­da 30 mil­li­on, 1986-njy ýyl­da 50 mil­lion we 1999-njy ýy­la çen­li bol­sa 100 mil­li­on aw­to­mo­bil ön­dür­ýär. 1982-nji ýyl­da meş­hur «Cam­ry» mo­de­li­niň il­kin­ji nus­ga­sy peý­da bol­ýar. 1987-nji ýyl­da «Toyo­ta Mo­tor Cor­po­ra­ti­on» «Volks­wa­gen» bi­len şert­na­ma bag­la­­şyp, Ger­ma­ni­ýa üçin «pi­kap» aw­to­mo­bil­le­ri­niň önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­ýar. 1988-nji ýyl­da «Lexus» at­ly bren­di­ni dö­red­ýär. 1990-njy ýyl­la­ryň ahy­ryn­da il­kin­ji gib­rid aw­to­mo­bi­li – «Toyo­ta Prius» kon­we­ýer­den çyk­ýar. Aw­to­mo­bil önüm­çi­li­gin­de ol il­kin­ji ge­zek do­wam­ly ön­dü­ri­len elekt­ro­mo­bil bol­dy. 2007-nji ýyl­da «Toyo­ta» 77 ýyl­dan bä­ri aw­tou­lag önüm­çi­li­gin­de dün­ýä­de bi­rin­ji bo­lup gel­ýän «Ge­ne­ral Mo­tors»-dan oz­dur­ma­gy ba­şar­dy.

«Toyo­ta» kompaniýasy hä­zir­ki wagt­da her 5 se­kunt­da bir aw­to­mo­bil ön­dür­ýär. Ýer ýü­zün­de «Toyo­ta»-nyň 340 müň­den gow­rak iş­gä­ri, 69 sa­ny za­wo­dy bar. «Toyo­ta» 140-dan gow­rak ýurt­da sa­tyl­ýar. 90-njy ýyl­lar­da­ky ön­dü­ri­len «Toyo­ta» markalla­rynyň 80 gö­te­ri­mi hä­zi­rem ýol­lar­da he­re­ket ed­ýär. «Toyo­ta» kompaniýasy beýleki ýapon awtoulag öndürijileri bilen deňeşdirilende iň täsirli marka eýesidir. Häzirki wagtda «Toyo­ta» kompaniýasy  kiçi markalaryna şu aşakdaky markalar girýär: 

  • «Subaru» markasy
  • «Dihatsu» markasy
  • «Scion» markasy
  • «Hino» markasy
  • «Lexus» markasy

«Toyota» kompaniýasynyň «Lexus lc 500» modeli iň soňky «Lexus» modelleriniň biri

«Toyota» kompaniýasy «Lexus» taslamasyny ilki bilen diňe  elýeterli ýokary hilli awtoulaglary satmak maksady bilen döretdi. «Toyota»  markasy öz taryhynda ep-esli wagtlap ösdi we netijede önümçilik kuwwaty boýunça kompaniýa takmynan 12 ýyldan bäri – 2012-nji ýyldan şu güne çenli öňdebaryjy orny eýeleýän kompaniýa derejesine ýetdi. Dünýädäki 500 sany iri şereketiň sanawynda-da öňdebaryjy orunda ýagny onunjy hatarda durýar. «Toyota Motor Company» kompaniýasynyň soňky ýyllarda ortaça ýyllyk girdejisi 18 – 20 milliard dollar möçberinde hasaplanylýar. Ortaça 12 aýlyk ösüş 30 – 40 göterim töweregi.

«Toyo­ta» awtoulaglary biziň mukaddes ata Watanymyz Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde-de giňden tanalýar. Berkarar ýurdumyzda bu awtoulagyň «Corolla» we «Camry», ondan soň  «Avalon»  we ýollarda hem-de olardan daşary ýerlerde hereket etmäge niýetlenen «Land Cruiser», «Highlander»  ýaly kysymlar bar.

Scroll to Top