«Finder TW2» astrokamerasy — emeli aň bilen üpjün edilen ilkinji teleskop

Indi ýyldyzlary synlamak höwesjeň astronomlar üçin has-da elýeterli bolar. «Beaverlab» kompaniýasynyň emeli aň tehnologiýasy bilen üpjün edilen «Finder TW2» astrokamerasy höwesjeňler üçin niýetlenen ilkinji teleskop hasaplanylýar. Bu barada «digitalcameraworld.com» internet neşiri habar berdi.

Täze hödürlenen tehnologiýanyň — astrokameranyň fokus derejesi 500 mm bolan obýektiw hem-de 29x optiki ulaltmasyny şertlendirýän F6.1 enjamy bilen üpjün edilmegi teleskobyň mümkinçilikleriniň möhüm bölegidir. «Finder TW2» astrokamerasy 48MP ölçegde surata düşürmäge hem-de 4K nusgada wideo almaga ukyplydyr. Şunlukda, emeli aň tehnologiýasy reňkleri sazlamak we durulygy kämilleşdirmek arkaly şekiliň hilini awtomatik ýagdaýda ýokarlandyrar.

Dolandyrmak we astronomiki maglumatlary almak üçin 5 dýuýmlyk duýgur ekran, uzakdan dolandyryjy we «Beaver Point» ykjam programmasy onuň mümkinçilikleriniň üstüni ýetirýär.

Scroll to Top