«applespbevent.ru» internet neşiriniň habar bermegine görä, «Apple» kompaniýasy emeli aň tehnologiýasyna esaslanýan «Depth Pro» atly täze maksatnamasyny döretdi. Ol 2D görnüşindäki wideoşekilleri 3D görnüşlere öwürýär.
Maksatnama kamera boýunça goşmaça metamaglumatlary ulanmazdan, şekiliň çuňlugyny kesgitlemäge ukyplydyr. Tehnologiýa adaty grafiki kompýuterlerde işleýän wagtyňyz bary-ýogy 0,3 sekuntda çuňluk kartalaryny döredip bilýär.«Depth Pronyň» işleýiş usuly bir şekilden alnan wizual maglumatlaryň derňewine esaslanýar. Beýni çuňlugy duýmak üçin iki gözüň mümkinçiliginden alnan dürli maglumatlary işleýär. Galyberse-de, tehnologiýa bir obýektiw kamera ulanylanda-da 2D suratlardan 3D kartalary döretmek üçin algoritm döredýär. Ol hakyky wagtda 3D kartalaşdyrmagy talap edýän robot we awtonom ulag ulgamlaryny goşmak bilen, köp sanly amallary ýerine ýetirýär.

