Elektrik ulaglary üçin ekologiýa taýdan arassa batareýa döredildi

Elektrik ulaglary üçin ekologiýa taýdan arassa batareýa döredildi. Bu barada «hightech.fm» internet neşirinde habar berildi.

Massaçusets Tehnologiýa institutynyň inženerleri litiý-ion akkumulýatorlary üçin organiki material oýlap tapdylar. Ol elektrik ulaglarynyň akkumulýatorlaryny çalşyp biljek ekologiýa taýdan arassa batareýadyr. Organiki katodlary öndürmegiň arzan önümçilikdigine hem ünsi çekmek gerek. Çünki ol beýleki batareýalar bilen deňeşdirip boljak derejedäki elektrik geçirijiligi bilen tapawutlanýar.

Täze oýlanyp tapylan önüm üç sany birleşdirilen altyburç halkaly kiçijik organiki molekuladan — TAQ-den (bis-tetraaminobenzohinona) gatlaklaryndan durýar. Molekulalarda elektron ätiýaçlygyna hyzmat edýän kwinler we materialyň güýçli wodorod baglanyşyklaryny emele getirmäge kömek berýän aminler bar.

Wodorod baglanyşyklary materialyň berk durnuklylygyny üpjün edýär we ol iş ýüzünde eräp gitmeýär. Bu häsiýet diýseň möhümdir, sebäbi material akkumulýatoryň ömrüni uzaldýan önümleriň elektrolitiniň eremeginiň öňüni alýar. «Lamborghini» kompaniýasy täze tehnologiýany ulanmak üçin zerur bolan ygtyýarnamany aldy we ony elektrik ulaglarynda ulanmagy meýilleşdirýär.

 

Scroll to Top