«AKYLLY» ÝYLADYŞHANA

Russiýa Federasiýasynyň Penza döwlet uniwersitetiniň alymlary ösümlikleri ösdürip ýetişdirmek üçin niýetlenen ýyladyşhanalara doly gözegçilik edip bilýän emeli aň tehnologiýasynyň işini utgaşdyrýan maksatnamalaryň ikisini bellige aldylar. Bu barada «Rysgal» gazetiniň şu günki – 2024-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky №45 (739) belgili sanynyň 5-nji sahypasynda neşir edilen adybir makalada maglumat berildi.      

Oýlap tapyjylaryň pikiriçe, emeli aň algoritmleri haýsy iş düzgüniniň üpjün edilendigini seljermek üçin hakyky şertleri hem-de maglumatlary datçikler boýunça utgaşdyrar. Ol gündelik biologik ösüşi ýa-da beýleki möhüm ölçegleri, galyberse-de, kesgitlenen kadalara eýermegiň ýagdaýyny gözegçilikde saklar.

Emeli aň tehnologiýasynyň okuw döwri 10-dan 14 aýa çenli dowam edip biler. Çünki algoritmler ýyladyşhana işiniň ähli taraplaryny özünde jemlemek bilen, degişli netijeleri taýýarlamagy başarmaly.

Alymlar emeli aň tehnologiýasynyň operatoryň ýok wagtynda hem ýyladyşhana gözegçilik etmek hem-de dolandyrmak işlerini ýerine ýetirip biljekdigini tassyklaýarlar. Mysal üçin, üpjünçilik toplumyndaky suwuň ýa-da ýokumly garyndylaryň mukdary bellenen derejä ýetenýagdaýynda emeli aň tarapyndan seljeriler we degişli habarnama operatora ýollanylar. Şeýlelikde, ol ösümlikler üçin zyýanly täsirleri azaldar, suwarmagyň netijelerini kesgitlär.

Scroll to Top