Smartfon kameralarynyň sany azalýar: Näme üçin?


Smartfonlardaky kameralaryň sany azalmaga başlady we markalar ýerine az ýone has güýçli linzalary ulanyp başladylar.

Telefonlarda kamera sany azalýar

Bazar gözleg firmasy “Omdia” -nyň hasabatyna görä, 2025-nji ýylyň ikinji çärýeginde satylan telefonlarda birleşdirilen, öň we arka kameralaryň ortaça sany 3,19 boldy. Bu görkeziji geçen ýyl 3.37 bolup, 2021-nji ýylyň başynda 4.01-e ýeteninden bäri yzly-yzyna 13 çärýekde azalýar. Bu üýtgeşiklik, yzky kameralaryň azalmagy bilen baglanyşyklydyr, sebäbi hiç bir öndüriji öňdäki kamerany aýyrmaýar.

Häzirki wagtda iň giňden ýaýran kombinasiýa – yzda iki kameraly modeller bolup,bazara çykarylanlaryň %41-ini eýeleýar.
Üçli kameraly telefonlar %36 bilen yzda gelýär.
Bir kameraly smartfonlaryň paýy bolsa iPhone 16e ýaly modelleriň täsiri bilen %21-e çenli ýokarlandy.

Ýokary çözgütli linzalar has ýygylaşýar.

Kameralaryň sanynyň azalmagyň ýerine has ýokary çözgüt we innowasiýa tehnologiýalary bilen çalşyrylýar.
Omdia-nyň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda çykýan smartfonleriň 58 göterimini 50Megapikselli kameralar eýeleýär. 100Megapiksel-den gowrak kameralar hem 9% paý bilen köpelýär.
Bu aralykda, 15MP-den pes kameralar bolsa barha ýitip barýar – bäş ýyl mundan ozal telefonlaryň ýarysynyň köpüsinde bardy, häzirki wagtda bolsa diňe %12 galdy.
Başgaça aýdylanda, birnäçe gowşak linzalaryň ýerine ýeke, güýçli linzalara geçmek has ýygylaşýar.

Bu üýtgeşiklik soňky flagmanlarda görenlerimiz bilen gabat gelýär. Mukdardan hil indi birinji orunda durýar. Hakyky täzelikler ösen HDR, sensor içi ýakynlaşdyrma we AI bilen işleýän pes yşykda çekimler ýaly aýratynlyklardan gelýär. Döwrebap telefonlarda kamera üçin aýrylan ýer gaty çäkli bolansoň, az komponent bilen has köp netije almak täze standart bolýar.

Scroll to Top