iPhone 16 Pro Max-den iPhone 17 Pro Max-a geçmelimi?

Apple-nyň täze flagman modeli iPhone 17 Pro Max, öňki iPhone 16 Pro Max bilen deňeşdirilende birnäçe möhüm täzelikler bilen gelýär. Ýöne bu täzeliklere geçmek nä derejede özüni aklaýandygy, ulanyjynyň zerurlyklaryna bagly.

Dizaýn we Ekran
iPhone 17 Pro Max, arkasynda has uly gorizontal ýerleşdirilen  kamera adasy we has galyň we agyr gurluşy bilen, iPhone 16 Pro Max-den aýrylyp durýar. Şeýle hem, Kosmik Orange we Abis ýaly täze renk görnüşlerini hödürleýär.
Her iki model-de  6.9 inçlik “Liquid Retina XDR” ekrana we 120 Hz “ProMotion” tehnologiýasyna eýe bolsada, iPhone 17 Pro Max-iň ekran ýagtylygy 3.000 nit-e ýokarlandyryldyr.

Kamera we Öndürüjilik
Esasy tapawut kamera bölüminde ýüze çykýar. iPhone 17 Pro Max, 12 MP bolan periskop kamerany 48 MP-e çenli ýokarlandyryp, 8x optiki zoom mümkinçilik berýär. Şeýle hem öň (selfi) kamera 12 MP-den 24 MP-e çenli ýokarlandyrylypdyr.
Öndürüjilik taýdan iPhone 17 Pro Max täze A19 Pro prosessory we 12 GB RAM bilen öňe çykýar. Şeýle hem emeli intellekt güýçlenmeleri bilen umumy tizligi ep-esli ýokarlandyrýar.

Batareýa we Zarýad
Batareýa ömri boyunça, iPhone 17 Pro Max, has uly batareýasy we netijeli A19 Pro prosesory sebäpli, has uzak ulanylma möhletini wada edýär. Zarýadlaýjy tizligi hem gowulandyryldy; iPhone 17 Pro Max, 40W adapter bilen 20 minutda 50% zarýada ýetse, iPhone 16 Pro Max bu derejä 35 minutda ýetýärdi.

Netije
Eger telefony esasan 8x optiki zoom we ýokary çözgütli öň kamera ýaly kamera gowulandyrmalaryny, emeli intellekt aýratynlyklaryny kän ulanýan bolsaňyz, şeýle hem protsessor güýji bilen tiz ulanmak isleýän bolsaňyz  siz üçin iPhone 16 Pro Max-dan iPhone 17 Pro Max-a geçmek örän ýerlikli bolar.

Emma, häzirki iPhone 16 Pro Max modeliňizden kanagatlanýan bolsaňyz, esasy ekran we batareýa aýratynlyklarynda uly özgerdiş bolmadygy üçin, geçmek zerur däldir. Has köne bir iPhone modelinden geçmek isleýänler üçin bolsa, iPhone 17 Pro Max has çekiji bir saýlaw hökmünde öne çykýar.

Scroll to Top