Näme sepäpden Apple, Samsung we Google kompaniýalary öz smartfonlarynda kremniý-uglerod (Si/C) batareýalaryny ulanmaýar?

Hytaýly smartfon öndürijiler köpçülikleýin täze kremniý-uglerod (Si/C) batareýa  geçýärler. Şol bir wagtyň özünde, amerikanlar (Apple /Google ) we koreýler (Samsung) litium-ion (Li-ion) batareý ulanýarlar.  Appleniň ýokary flagmany iPhone 17 Pro Max-yň 5000 mAh batareýasy bar. Inçe HONOR Power 2-niň bolsa 10080 mAh batareýasy bar. Munuň sebäbi kremniý-uglerod tehnologiýasynyň ulanylmagy. Bu batareýalar grafiti kremniý bilen çalşyrýar, ol bolsa şol bir möçberde has köp energiýa saklap bilýär. Bu bolsa 7000 ýa-da 8000 mAh batareýaly inçe we ýeňil ykjam modelleriň, şeýle hem 10000 mAh batareýaly has galyň agyr bolmaýan modelleriň döremegine getirýär.

Eýsem, näme üçin Apple, Google we Samsung hytaýly bäsdeşleriniň göreldesine eýermeýärler?
Amerikaly  tehnoblogger Markes Braunli (@MKBHD) öz wideosunda bu soraga jogap bermäge synanyşdy: Birnäçe brendiň wekilleri anonim gürleşip, bloggere kremniý-uglerod batareýalary barada aladalarynyň bardygyny aýtdylar. Munuň iki esasy sebäbi bar: howpsuzlyk we berklik.

Howpsuzlyk meselesi, kuwwatyň şeýle uly derejede artmagyna mümkinçilik berýän kremniýiň ýaramaz täsiriniň bardygyndan gelip çykýar: smartfon gyzanda, ol üç esse çenli çişýär. Bu çişligi özüne siňdirýän uglerod bu täsiri azaltmak üçin niýetlenendir. Bu baglanyşygyň ygtybarlylygy ýyllaryň dowamynda synag arkaly kesgitlenmeli, şonuň üçin iri kompaniýalar henizem howply bolmagy mumkin batareýalary öz enjamlaryna goýmak arkaly abraýlaryny howp astyna salmajak bolýarlar.

Berklik hem iri kompaniýalar üçin uly ahmiýete eýe, sebäbi iň öňdebaryjy laboratoriýa synaglary hem smartfonlarymyzyň ulanyş wagtynda ýüzbe-ýüz bolýan hakyky dünýädäki ýagdaýlarynyň doly toplumyny öz içine alyp bilmeýär. Aşa gyzma, gipotermiýa, düşme, suwa düşme we nem basynç bu wakalaryň ähli mümkin bolan utgaşmalary köpçülikleýin ulanylmazdan öň ünsli öwrenmegi talap edýär, sebäbi bu kampanyalar 2016 sentyabr partlamaly Galaxy Note 7-niň  tejribesini gaýtalamak islemeýär.

Scroll to Top