Iki enjam bir göwrede — öýde-de, ýolda-da güýç hemişe ýanyňda.
Green Lion Premium Series — zarýadnik we power bank-y bir enjamda birleşdirýär. Öýde rozetkadan zarýadla, daşarda bolsa 5000mAh batareýadan telefona güýç ber. Iki aýratyn enjam götermek, kabel garamak, “power bank-ym nirede?” diýip agtarmak ýok.
GaN tehnologiýasy bilen işleýär — adaty şarj edijilerden has çalt, has sowuk, has kiçi. PD 42W/45W güýji bilen 30 minutda telefona 50% zarýad berýär. Häzirki zaman smartfonlarynyň hemmesi üçin ýeterlik.
1 metr çekilýän Type-C kabel enjamyň özünde gurlan. Çek, zarýadla, goýber — ýygnalýar. kabel çolaşmasy ýok.
Sanly LED ekran batareýanyň ýagdaýyny anyk görkezýär. Näçe göterim galandygyny bir seretmekde bilýärsiň — garaňkylykda galmak ýok.
3 sany çykyş — gurlan kabel (45W), goşmaça Type-C (20W) we USB-A (22.5W). Telefonyňy, planşetiňi ýa-da nauşnikiňi bir wagtyň özünde zarýadlap bilersiň.
Diňe 233 gram we ykjam ölçeg. Jübiňe sygýar, ýoluňda ýeňillik bilen göterýärsiň. AC 100–240V girişi bilen dünýäniň islendik ýurdunda işleýär.
Talyp, işewür, syýahatçy — kim bolsaňyz-da, günüň dowamynda telefonsuz galmazlyk üçin iň akylly çözgüt. Öýde zarýadla, ertir aýyr, günüň dowamynda power bank hökmünde ulan.
Green Lion Premium Series Zarýadnik+ Power Bank. Bir enjam — iki wezipe. Öý, ofis we syýahat üçin iň oňat çözgüt.








