Android smartfonlarynda iň gowy interfeýsler

1. Oxygen OS
2. One UI
3. MIUI 11
4. EMUI 10
5. Zen UI 6.0
6. Color OS 7

OxygenOS interfeysi

Bu, OnePlus tarapyndan öndürilen ähli smartfonlarda, şol sanda iň soňky OnePlus 8 we OnePlus 8 Pro-da ulanylýan Android interfeys. Oxygen OS köp peýdaly aýratynlyklary bar (bäsdeşlikden tapawutlylykda). Şübhesiz, OnePlus janköýerleriniň marka saýmagynyň esasy sebäbi.

One UI interfeysi

Bu, Samsung Electronics tarapyndan Android enjamlary üçin işlenip düzülen interfeys. Samsungyň tejribesi we “TouchWiz” bilen, has uly ekranly smartfonlary bir elli ulanmagy aňsatlaşdyrmak üçin takyk optimizasiýa bilen hasam kämilleşdirildi. 2018-nji ýylda Samsungyň öndürijiler konferensiýasynda yglan edildi we ilkinji gezek Samsungyň Android 9 Pie täzeleniş programmasynyň çäginde hödürlendi.

One UI, Samsung S10 seriýasy, Galaxy A (2019) seriýasy we Galaxy Note 10 seriýasy ýaly 2019-njy ýylyň başyndan bäri Samsung tarapyndan çykarylan täze “Android” enjamlaryna girýär.

MIUI interfeysi

(Aňlatma – Me You I) Hytaýyň elektronika öndürijisi Xiaomi tarapyndan işlenip düzülen android smartfonlary we planşetlerinde bolyar. MIUI Android operasiýa ulgamy bilen üpjün edilýär. 2016-njy ýylyň 24-nji fewralynda Xiaomi MIUI-nyň dünýäde 160 million ulanyjysynyň bardygyny we 678-den gowrak telefon modellerinde goldanýandygyny aýdyldy.

EMUI interfeysi

Öň “Emotion UI” diýlip atlandyrylýan hazirki wagtda EMUI diyip üytgrdildi. Huawei we Honor markaly smartfon enjamlarynyň köpüsinde ulanylýan ýörite Android esasly mobil operasiýa ulgamy.

 

Köne Huawei we Honor enjamlarynda ýerleşýän Android telefonlarynyň köpüsinden tapawutlylykda programma menýusy ýokdy. Hemme prilojenyalar edil iPhone ýaly esasy ekranlaryna ýerleşdirildi. Käbir ulanyjylar bu aýratynlygy halasa-da, köpüsi munuň tersini duýdular.

ZenUI interfeýsi

Asusyn Android telefonlary we planşetleri üçin ulanylýar we daşarky taraplar tarapyndan ygtyýarnama berilmeýär. ZenUI, şeýle hem ZenLink (PC baglanyşygy, paýlaşma baglanyşygy, partiýa baglanyşygy we uzakdaky baglanyşyk) ýaly göçürilen Asus programmalary bilen bilelikde gelýär.

ZenUI-den öň Asus, ASUS WaveShare UI atly Android telefonlary we planşetleri üçin interfeýs döretdi. ZenUI Asus Zenfone seriýasynda, Asus MemoPad 7 (ME176C) we Asus Padfone Mini (2014) ilkinji gezek çykantdy..

ColorOS interfeýsi

Bu interfeys (mobil enjamlar üçin) OPPO Electronics tarapyndan döredildi. Bu Google – Android operasiýa ulgamynyň interfeýsi. ColorOS” belli bir derejede Appleniň iOS-yna meňzeýär.

Teswir ýazyň

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir

Scroll to Top