Ilon Mask tarapyndan kiborga öwrülen maýmyn, PIKIR GÜÝJI BILEN kompýuter oýnuny oýnaýar!

Gyzykly tarapy, maýmyn bu oýny hiç hili kontrollersiz oýnaýar, diňe pikir güýji bilen! Maýmynyň tiz oýnaýandygyny görüp höwes etse bolar – bu ortaça adamyň (ýa-da beýniniň) elinden gelenok!

Onda Neuralink muny nädip edýär? Makaka maýmynyň kellesine ýörite çip ýerleşdirilipdir. Bu çip beýnidäki neýronlar bilen göni aragatnaşyk saklaýar we ondan signallary alýar, soňra bolsa kompýuterde gaýtadan kodlanýar. Şeýlelik bilen haýwan oýny akly bilen dolandyrýar. Haýwanlar üstünde geçirilen synaglary tamamlandan soň, Neuralink hünärmenleri bu neýrointerfeýsi adamlarda synap başlarlar. Geljekde bu tehnologiýa maýyp adamlara, şol sanda doly ysmaz bolanlara, beýniniň güýji bilen kompýuterlere we protezlere gözegçilik etmäge mümkinçilik berer.

Teswir ýazyň

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir

Scroll to Top