Adidas logotipi üýtgedi!

Dünýä belli sport önümleri öndürijisi Adidas logotipini üýtgetmek kararyna geldi. Ine, markanyň täze syzdyrylan nyşany!

Adidas 1997-nji ýyldan bäri ulanýan logotipini üýtgetjek bolýar. Öňki logotip 1971-nji ýyldan bäri ulanylýardy.

Adidas-yň öňki logotipleri.

2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynda görjek täze logotipimizde adidas teksti aýrylar. Logotipdäki üç zolagy çepe, biri-birine has ýakynlaşdyrjak Adidas-yň nyşany şeýdip has döwrebap görnüşe eýe bolar.

Adidasyň ööňki we täze logotipleri.

Adidas häzirki wagtda Real Madrid, Mançester Ýunaýted, Baýern Mýunhen ýaly futbol gigantlarynyň formalaryny dizaýn edýär.

Nike we Puma ýaly markalaryň logotiplerini halaýan adamlaryň sanynyň gaty köpdügini aýdyp bileris. Adidas-yň täze nyşanyny haladyňyzmy? Pikirleriňizi teswirler bölüminde paýlaşyp bilersiňiz.

Teswir ýazyň

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir

Scroll to Top