«Akyl­ly şä­her» we san­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar

XXI asyryň häsiýetli aýratynlygy bolan sanly tehnologiýalar adamzat durmuşynyň ähli ugurlaryna ymykly ornaşdy. Häzirki zaman adamzat siwilizasiýasyny şol «akylly» tehnologiýalarsyz göz öňüne getirmek kyn. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda ykdysadyýeti sanlylaşdyrmagy möhüm ugur hökmünde kesgitledi. Munuň bilen bagly geljegi nazarlaýan birnäçe maksatnamalar, konsepsiýalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Sanly ykdysadyýete geçmekde milli intellektual tehnologiýalar (IT) ulgamyny ösdürmek, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny höweslendirmek hem-de bu ugurlarda halkara derejesinde hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Jemgyýetiň düzümleri bolan döwletiň, hususy bölegiň, raýatlaryň we IT bileleşikleriniň ählisiniň sanly ykdysadyýete çekilmegini üpjün etmek esasy talaplara öwrülýär. Şunuň bilen bir hatarda, jemgyýetiň sanly gurşawa bolan ynamynyň artmagyny gazanmakda maglumat we innowasion tehnologiýalaryň maglumat howpsuzlygynyň üpjün edilmegi wajyp wezipeleriň hatarynda kesgitlenýär.

Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ýurtda uzak möhletleýin ykdysady ösüşi we ýokary öndürijiligi gazanmaga ýardam berýän netijeli ulgamlaryň ornaşdyrylmagyna, jemgyýetçilik hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlanmagyna we kämil görnüşleriniň ýola goýulmagyna, halkyň durmuş şertleriniň özgerdilmeginde tehnologiýalar bilen bagly töwekgelçilikleriň peselmegine Internet ulgamynyň mümkinçilikleriniň giňeldilmegine ýardam berýär.

Sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda esasy onlugyň öňdäki hataryny Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Şwesiýa, Daniýa, Gollandiýa, Günorta Koreýa ýaly döwletleri eýeleýär. Bular sanly ykdysadyýetiň ösen derejesini kemala getirmek bilen, bu ugurda hojalygy ýöretmegiň dürli usullaryny oýlap tapdylar we ykdysadyýetiň pudaklaryna ornaşdyryp, ýokary netijeleri gazanyp bildiler. Häzirki wagtda dünýäde sanly tehnologiýalaryň ýaýraýyşy barha ýygjamlaşyp, sanly tehnologiýalara baglylyk barha güýçlenýär. «Adamsyz zähmet» dürli pudaklary gurşap alýar, «akylly şäherleriň» döremegine-de öz täsirini ýetirýär.

XXI asyryň başynda güýçli depginde şäherleşmäniň we şäher ilatynyň sanynyň artmagy bilen bagly dörän toplumlaýyn meseleleriň çözgüdi hökmünde «akylly şäher» — «Smart siti» konsepsiýasy kemala geldi. «Smart siti» — şäher infrastrukturasyna gözegçilik etmek we dolandyrmak üçin maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny akylly birleşdirmegiň umumy düşünjesidir. Bu konsepsiýa häzirki zaman tehnologiýalarynyň kömegi bilen ilatyň rahatlygynyň we howpsuzlygynyň derejesini artdyrmak, hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, energiýanyň alternatiw çeşmelerine daýanýan «ýaşyl tehnologiýalary» ornaşdyrmak ýaly wezipeleri öz öňünde goýýar. Şunlukda ýörite «akylly gurluşlar» arkaly şäheriň energiýa we suw serişdeleri tygşytlanýar, zir-zibiller sortlanyp, gaýtadan işlenilýär, ähli amatlyklary bolan şäher gurşawy döredilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna täze innowasion tehnologiýalary, şol sanda sanly tehnologiýalary ornaşdyryp, elektron resminamalar dolanyşygyna hem-de elektron şahsyýetnamalar ulgamyna geçmek, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti, sazlaşykly işleýän elektron senagatyny döretmek, sanly aragatnaşyk babatynda şäherleriň we obalaryň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmak wezipelerini öňe sürýär. Öňde goýlan bu wezipeler maglumat-aragatnaşyk, şol sanda Internet hyzmatlarynyň hiliniň we ygtybarlylygynyň ýokarlandyrylmagyny, maglumat-aragatnaşyk üpjünçilik ulgamynyň ösdürilmegini, adamyň aň-bilim mümkinçilikleriniň doly derejede ulanylmagyny talap edýär.

Paýtagtymyzyň demirgazygynda «Aşgabat-siti» iri ýaşaýyş toplumynyň düýbüniň tutulmagy, täzeçil sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny göz öňünde tutýan «Şäher içindäki şäher» konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegine ýardam berýär. «Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumynda ilatyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy üçin giň mümkinçilikler, sanly tehnologiýalar we intellektual ulgamlar esasynda «akylly şäher» giňişligi dörediler.

Gahryman Arkadagymyz 2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki geňeş) döwlet Baştutanlylarynyň VIII sammitine gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasynda iş saparynda boldy. Bu sammite gatnaşyjy ýurtlaryň Liderleri bilen sanlylaşdyrma döwründe «ýaşyl» tehnologiýalar we «akylly» şäherler diýen meseläniň döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary hökmünde ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Akylly şäher» konsepsiýasy täzeçil tehnologiýalara, öňdebaryjy tejribä daýanýar. Olaryň arasynda uçarmansyz uçýan enjamlara, ýagny dronlara aýratyn orun degişlidir. Uçarmansyz uçýan enjamlar ilkibaşda harby maksatlar üçin döredilen hem bolsa, häzirki wagtda dünýä tejribesinde olaryň ulanyş çygry giňedi. Dronlar halas edijilik maksatlary üçin, ýagny çöllük, daglyk ýerlerde ýiten, derýada, ummanda gark bolýan adamlaryň bardygyny wideo gözegçilik arkaly anyklamakda, olara kömek bermekde, tokaý ýangynlaryny, olaryň çapylmagyny, batgalyklaryň döremegini, artykmaç zir-zibilleriň daşky gurşawa zyňylmagyny, bikanun awçylygy, arassa suwlaryň himiki we sintetiki serişdeler arkaly zaýalanýandygyny habar bermek ýaly ekologik maksatlarda; iýmit, resminama daşamaga degişli, şeýle hem oba hojalyk maksatlary üçin ulanylýar. Mundan başga-da käbir döwletlerde dronlar ýol hereketine guşuçar belentlikden wideo gözegçiligi we wideo seljermäni amala aşyrmakda hem peýdalanylýar.

Innowasion tehnologiýalar ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ulgamlaryna, şol sanda medeniýet we sungat ugurlaryna hem içgin ornaşdyrylýar. Diýarymyzda bellenilýän baýramçylyk çäreleri hem dronlaryň ajaýyp şekilleri bezemegi aýdyň görkezýär. Dronlaryň, feýerwerkleriň dürli reňkli öwüşginleri bilen utgaşmagy dabaralaryň ajaýyp pursatlaryna öwrülýär. Bularyň ählisi häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ýurdumyzda geçirilýän dabaralary hemmetaraplaýyn we täzeçil usulda guramaga çemeleşmäniň aýdyň subutnamasydyr.

Scroll to Top