Çalt zarýad bermek tehnologiýasy smartfonlarda has kiçi batareýasynyň bolmagyna sebäp bolýarmy?

Çalt zarýad berýän smartfonlaryň haýal zarýad berýän smartfonlardan has kiçi batareýa bilen enjamlaşdyrylandygyny görensiňizdir? Kompaniýalar şu güne çenli bu hakda resmi düşündiriş bermediler.

Şonuň üçin GSMArena saýtynyň agzalary özleri ýagdaýy derňediler. Gözleg, şol bir wagtyň özünde hödürlenýän we birmeňzeş ululykda, ýöne dürli tizlikli smartfonlary deňeşdirdi.

Çalt zarýad bermek tehnologiýasy köp halatlarda ýönekeý we Pro modellerini tapawutlandyrýan premium aýratynlykdyr.

Şeýlelik bilen çalt zarýad bermek batareýanyň ömrüne hakykatdanam täsir edýärmi? On iki sany smartfon bilen deňeşdirilende, onuň 10% täsir edendigini aýdyp bolar. Mysal üçin, smartfonda 5000 mAh akkumulýator bar. Bu modele meňzeş, ýöne has çalt, smartfon 4500 mAh akkumulýator bilen enjamlaşdyrylandyr. Şonuň üçin çalt zarýad bermek has kiçi göwrümli batareýany aňladýar.

Emma bu düşünje hemişe dogry däl. Mysal üçin, hindi bazary üçin niýetlenen Redmi Note 9 Pro modeli 18 watt bilen işleýär. Redmi Note 9 Pro-nyň global wersiýasy 30 watt. Iki model hem 5020 mAh akkumulýator bilen enjamlaşdyrylan we ikisi agramy we ululygy bilen tapawutlanmaýar.

Oppo F17 Pro bilen Oppo A93 smartfonlarynyň arasynda şuňa meňzeşdir. Aslynda bu iki enjam batarey ululygy boýunça birmeňzeş, ýöne F17 Pro modeli 18 watt, A93 bolsa 30 watt bilen işleýär.

Görnüşe görä 18 wattdan 30 wata çenli tizligiň batareýanyň kuwwatyna täsir etmeýär. Has çalt zarýad berýän smartfonlara üns berseňiz, batareýanyň göwrümi üýtgeýändigini (azaldylýandygyny) görüp bilersiňiz.

Bu maglumatlara esaslanyp, 30W ýa-da ondanam köp (25-33W diýeliň) tizlenmegiň siziň smartfonyň batarey ömrüne köp zyýan ýetirmez. Eger batareýanyň uzak ömri barada alada edýän bolsaňyz elmydama haýal zarýad bermegi ulanyp bilersiňiz we Android-iň gijeki zarýad beriş aýratynlygyny işledip bilersiňiz.

realme 7 (30 watt bilen işleýän global wersiýa) doly zarýad bermek üçin 1 sagat 5 minut gerek boldy. Bu san “Narzo Pro” modelinde 45 minut boldy (65 watt bilen işleýär). Bu 20 minut has çalt diýmekdir.

Xiaomi Mi 10 5G (30 watt bilen işleýär) doly zarýad bermek üçin 1 sagat 12 minut gerek. Mi 10 Pro 5G (50 watt zarýad bermek) doly zarýad bermek üçin 50 minut gerek. Bu ýerde 20 minutlyk tapawut bar.

Esasanam, telefonyňyzyň batareýasynyň doly gutaryp enjamyň öçmegine seýrek ýol berýändigiňizi göz öňünde tutanyňyzda. Zarýad bermegiň hemişelik tizlikde ýerine ýetirilmeýändigini ýadyňyzdan çykarmaň – batareýanyň zarýad ýagdaýy 0% -den 50% çenli bolýanç has ýokary tizlikde dolyar we 50% soň ýuwaşlaýar 90den 100% bolýança ep-esli hayallaýar. Diýmek, güýçli zarýad berijileriň artykmaçlygy boş batareýa bilen zarýada başlanda has aýdyň bolýar.

Käwagt çalt zarýad bermek hem smartfona goşmaça artykmaçlyk berýär. Mysal üçin, Hytaý bazary üçin Redmi Note 11 Pro (67 watt) doly zarýad bermek üçin 43 minut, Redmi Note 11 Pro + (120 watt) bolsa 15 minut alýar. Diýmek, üç esse çalt.

Redmi Note 11 Pro + batareýasynyň kuwwaty adaty Pro-dan 660 mAh kiçi. Bu batareýanyň kuwwatynyň 15% azalmagyny aňladýar.

Haçan-da kompaniýa Xiaomi 11i (Redmi Note 11 Pro – Hytaý wersiýasy) we Xiaomi 11i HyperCharge (Redmi Note 11 Pro + – Hytaý wersiýasy) mahabatlanda, HyperCharge modeli 15 minutda 0% -den 100%, 11i bolsa 0% -den 13 minutda 50%. Dolyandygy barada maglumat berýän afişany hödürledi.

Öl

Başgaça aýdylanda, köp ýa-da az wagtyň içinde doly zarýadly ýa-da diňe ýarym zarýadly telefon bolup biler. Şeýle-de bolsa, ýönekeý 11i modelinde has uly batareýa bar, şonuň üçin bu göterimleri göni deňeşdirip bolmaz.

Ýöne başga bir tapawut bar. 11i modeli has haýal, ýöne has uly batareýasy bar. Bu smartfon haýal zarýad alsa-da, güýji has uzak dowam edýär. 11i HyperCharge-de munuň tersine, has çalt zarýad alýandygyny aňladýar, ýöne batareýa kiçi bolany üçin adaty modelden has çalt gutarýar.

Iň soňky mysal Xiaomi Pad 5 we Pad 5 Pro planşetlerine üns bereris. Adaty modelde batareýa kuwwaty 8,720 mAs, Pro modelinde bolsa batareýa kuwwaty 8,600 mAs. Bu ýerdäki tapawut 1%, ýöne goldaw tizliginiň tapawudy iki esse çalt.

Gysgaça aýdylanda, smartfonlar güýç tizligi taýdan iki kategoriýa bölünýär. Birinjisi, 30 watt ýa-da ondanam köp zarýad alýan smartfonlar, adatça bir sagada golaý wagtdan doly zarýad alýar.

Ikinjisi, 100+ watt zarýad berýän smartfonlar. Olara 15-20 minutdan doly zarýad berip bolýar. Beýleki tarapdan çalt zarýad bermek tehnologiýasy, batareýanyň kuwwatynyň birneme azalmagyna sebäp bolýar. Munuň sebäbi, smartfonyň çalt zarýad berilmeginden başga-da, doly zarýad almak üçin sarp edilýän wagta hem üns berilýär.

Teswir ýazyň

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir

Scroll to Top