
Köp Nothing muşdaklary yzygiderli şol bir soragy berýär: kompanýadan eplenýän smatfon gelermi? Carl Pei bu soraga gysga jogap berdi – häzirlikçe ýok.
Nothing kompaniýanyň resmi YouTube kanalyna alynan Galaxy Z Fold7 smartfonynyň syn videosynda, Pei: häzirki wagtda eplenýän smartfonlaryň taýýarlamagyň gymmatdygyny, dizaýn taýdan kynçylyklydygyny we diňe dar bir bazar üçin satylýandygyny aýdyp, şu wagtda şeýle enjam öndürmegiň Nothing ýaly ýaş brend üçin maliýe taýdan ýalnyş karar boljakdygyny aýdýar. Onuň sözlerine görä, kampanya häzirki wagtda fold smartfon öndürsede gaty ujypsyz müçberde satyljakdygyny çaklaýar.
Pei-niň bellemegine görä, eplenýän smartfon bazary “hakykatdan hem örän kiçi” – Dünýäde 1ýylda takmynan jemi 17 million fold enjam satylýan bolsa 1-2 milliardlyk umumy smartfon bazary bilen deňeşdirilende bu örän az. Nothing ýaly Täze we kiçi kompaniýa üçin bu işe girmek çykdajylaryny ödemez gaýtam zyýan etdirer.

Kiçi bolmagyň önüm birligi ykdysadyýeti (unit-economics) meselesi:
Pei : Nothing, beýleki markalar bilen deňeşdirilende, 50 – 80 esse kiçiligi sebäpli komponentleri uly markalar ýaly köp mukdarda arzan bahadan alyp bilmeýär. Bu bolsa girdejini azaldýar. Şonuň üçin her täze model, kompaniýanyň girdejisine oňyn täsir etmeli. Fold smartfonlar bolsa pes satuw, ýokary töwekgelçilik bilen bu şertleri yerine ýetirmeýär.
Şeýle-de soňky 1ýylda kompaniýanyň takmynan $1 milliardlyk satyşy bolan bolsa-da, henizem zyýan bilen işleýändiklerini aýdýar.
Inženerçilik çykdajylary 2 esse köp.
Pei eplenýän smartfonlaryň injenerlik çykdajysynyň (fixed engineering cost) adaty telefonuňkydan iki esse köpligini hasaplaýar.
Bu bolsa programma üpjünçiligi we dizaýn çykdajylary goşulmanka. Iki ekran (daşky we içki) we olaryň arasyndaky geçişler üçin işlemek UX (ulanyjy tejribesi) toparlary üçin işiň 2 esse köpelmegi diýmek.
Tehnologiýa taýýar, ýöne köpçülükde bu tehnologiýa geçmek üçin zerurlyk ýok.
Pei-niň pikiriçe, eplenýän smatfonlar ilkinji nobatda üpjünçilik zynjyry arkaly döredi – displeý we menteşe tehnologiýasy kämilleşdi, üpjün edijiler hödürledi, öndürijiler çykardy. Emma esasy sorag – bu tehnologiýanyň näme üçin gerekli bolmagydyr. Peiniň aýdyşy ýaly, Käbir ulanyjylar üçin Galaxy Z Fold7 ajaýyp bolup biler – Excel tablisalary, prezentasiýalar, köpli wezipeleri bir wagtda ýerine ýetirmek, we wideolary giň ekranda görmek üçin amatly. Ýöne köp, prilojenýalarda, oýunlarda, in boýu görnüş gatnaşygy goldawy has ýaýramady. Üstesine-de, ýokary bahasy ony ýonekeý ulanyjylar üçin elýeterli bolmakdan çykarýar.

Nothing Eplenýän smatfon öndürüp biljekmi?
Hiç wagt garaşmaň diýmek bolmaz—ýöne häzirlikçe ýok. Nothing,-e bu ädimi ädmegi üçin iki zat üýtgemeli:
1. Isleg: Has giňden ýaýran, adaty müşderileri özüne çekýän peýdaly ulanylyş ýagdaýlary bolmaly.
2. Ykdysadyýet: Komponent bahalarynyň peselmegi we önümçilik möçberiniň ýokarlanmagy bilen, R&D we UX çykdajylaryndaky azalmalydyr.
Oňa çenli Nothing öňuni görüp biljeği, üýtgeşik dizaýn we diňe girdeji getirip biljek önümler bilen dowam emegi maksat edinýär.