
Facebook maglumatlary giriş üçin niýetlenen braslet konseptini hödürledi. Kompaniýadakylaryň pikiriçe, häzirki wagtda ady ýok bu tehnologiýany döretmek üçin 5-10 ýyl gerek bolar diýip, Hi-Tech.Mail.ru ýazýar.
Nerw signallaryny sanly buýruklara öwürýän enjam hakda aýdýarys. Bilezik bilege dakylanda, ulanyjy diňe barmaklaryny howada herekete getirýär, enjam buýruk alýar we wirtual girişi işjeňleşdirýär. Bu ýagdaýda ne klawiatura, ne-de mouse gerek bolmaz.
Häzirki wagtda şeýle tehnologiýa AR we VR garnituralarda ulanylýar. Ondaky kameralar yşaratlara gözegçilik edýär we degişli signallary enjama iberýär. Facebook bu ylmy tehnologiýany başga bir derejä çykarmak we kamerasyz ulanmak isleýär – bilezikler bu ýagdaýda beýni tarapyndan şifrlenen we myşsalar arkaly geçýän nerw impulslaryny gaýtadan işleýär.

Bu görnüşli brasletler bilen baglanyşykly mesele, signallary ýokary takyklyk bilen işlemegi gerekligi. Future Interfaces Group direktory Kris Harrisonyň pikiriçe, her bir adamyň nerw süýümleri, edil elleriň we bilekleriň görnüşi ýaly birneme tapawutlanýar. Ulanyjy bir buýrugy ýerine ýetirse we ulgam başgaça kabul etse, wizual-taktil deňsizlik töwekgelçiligi bar diýýär.
