Google 37 ýylda planetamyzyň nähili üýtgändigini görkezdi (wideo)

Gözleg giganty tarapyndan hödürlenen ajaýyp taslamalaryň biri Google Earth hyzmatydyr. Kompaniýa, Ýer planetasynyň 37 ýylda nähili üýtgändigini görmäge mümkinçilik berýän Timelapse funksiýasyny goşdy. Şeýlelik bilen, adamyň planetadaky täsirini aýdyň görmek bolýar.

Google: “Planetamyzyň bu görnüşi möhüm jedelleri başlatar, täze açyşlara goşant goşar we adamlaryň käbir global meselelere bolan garaýyşlaryny üýtgeder diýip umyt edýäris” diýip ýazýar.

Serwisde 1984-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli Ýewropa Bileleşiginiň Kopernik Dünýä gözegçilik programmasy, Ýewropa Komissiýasy, Ýewropa kosmos gullugy, NASA, ABŞ-nyň geologiýa gözleg gullugy we Google-yň ýakyn hyzmatdaşlygy netijesinde alnan 20 petabaýtlyk 24 milliondan gowrak hemra suratlaryndan müňlerçe apparatlarda 2 milliondan gowrak prosessor sagatda işlenip birleşdirilen 4.4 terapiksellik wideo mozaikasydyr

Teswir ýazyň

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir

Scroll to Top