
Google-nyň wise-prezidenti Rik Osterlo-nyň Bloomberg žurnalisty Mark Gurman beren intervýusynda emeli intellekt (AI) tehnologiýasy biziň durmuşymyzdaky indiki revolyutsiýany amala aşyrar. Emma, AI smartfonlary doly ýok etmezden, olary biziň durmuşymyzdaky esasy kompýutere öwürer diýýär.
Google ýakyn gelejekde ulanyjylaryň diňe smartfon, sagat, gulaklik we smart äýnek ýaly enjamlary ulanjaklaryny çaklaýar. Şu sebäpli kompaniýa Pixel Tablet-i işläp taýýarlamagy bes edýär, Soňky Pixel model planşet 2023-nji ýylda tanyşdylan bolup, ondan soň täze modeller çykarylmady. Kompaniýanyň pikirine görä, ýakyn ýyllarda ulanyjylar üçin smartfon ýeterlik bolar, planşet we smartfony bilelikde ulanmak mümkinçiligi bolsa örän pes. Şeýle hem kompanýa smart-ýüzuk çykarmagy meýilleşdirmeyär we Pixel Flip eplenýän smartfon hem gymmat we paýdasyz hasaplaýar.
Emma, Google echo smart kalonkalar smart öý asistanlary üstünde işlemegi täze modeller cykarmagy dowam eder. Maksat – Gemini emeli intellekt platformasyny her bir öýe getirmek.
Apple-nyň ceo-sy Tim Kuk hem täze nesil AI esasyndaky enjamlaryň (VR kaska-smart äýnekler) smartfonlaryň yerini almagyna şübhe bilen seredýär. Onuň pikirine görä, şeýle enjamlar iň gowy ýagdaýda goşmaça aksessuar bolup hyzmat eder, emma hiç wagt iPhone-yň ornuny tutup bilmez.
Netije: Google we Apple-yň pikirine görä, emeli intellekt smartfonlary ýok etmeýär, tersine olary has güýçli eder. Yakyn geljekde smarfonlar durmuşymyzda esasy gadjet bolmagynda dowam eder. Pixel planşet garaşýanlar bolsa Samsungyň Galaxy tab ýada beýleki bäsdeş brendler arasynda saýlamaly bolar sebäbi planşet bazary Google üçin möhüm däl, kompanýa ulanyjylaryň esasy ünsüniň smartfonda bolar diýip çaklaýar. Şol sebapli Pixel smartfonlaryny östürmegi dowam eder.