HYTAÝDA IŇ GÜÝÇLI MAGNIT DÖREDILDI

Hytaýyň durnukly magnit meýdanynyň tejribehanasy 42,02 Tesla dartgynlylyk güýji bilen tapawutlanýan magniti döretdi. Munuň özi ABŞ-nyň milli ýokary magnit meýdanynyň tejribehanasynyň 2017- nji ýylda goýan rekordyndan (41.4 Tesla) hem ýokarydyr. Bu barada «Rysgal» gazetiniň şu günki – 2024-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky №45 (739) belgili sanynyň 5-nji sahypasynda neşir edilen adybir makalada habar berildi.

Hytaý magnitiniň Ýeriň magnit meýdanyndan 800 müň esse güýçlüdigi we alymlara materialyň täze görnüşlerini öwrenmäge, şeýle hem has duýgur gurallary işläp düzmäge mümkinçilik berýändigi tassyklanylýar.

Tejribehana güýçmeýdanlary analoglara garanyňda, has uzak saklap bilýän rezistiw magnitleri ulanýar. Enjamyň kuwwaty — 32,3 MWt.

Mundan başga-da, durnukly magnit meýdanynyň tejribehanasy gibrid we ýokary geçirijili magnitleri işläp düzýär. Munuň az energiýa sarp edýän ýokary magnit meýdanlaryny döretmäge mümkinçilik berjekdigini bellemek gerek.

Ygtybarly, elýeterli we uly sowadyş ulgamlaryny talap etmeýän enjamlary döretmek inženerler üçin heniz çözülmedik möhüm meseledir.

Scroll to Top