Google-yň Chrome brauzeri çykandan 14 ýyl soň 100-nji wersiýasyna täzelendi. Kompaniýa täzelenmäniň Windows, Mac, Linux, Android we iOS üçin goýberilendigini aýtdy.
Chrome brauzer taryhndaky möhüm wakalaryň biri bolsa-da, 100 wersiýada kän bir üýtgeşiklik ýok. Ondaky iň möhüm täzelenme logotip dizaýnynyň üýtgedilenligidir. Öňki görnüşden kölegeleriň aýrylandygy, janly reňklere boýalandygy we ortasyndaky gök tegelegiň birneme ulalmagy bilen tapawutlanýar.

Şeýle hem, brauzeriň ýubileý wersiýasy, Android üçin az megabaýtda web sahypalaryny has çalt ýüklemäge mümkinçilik berýän “Lite” (ýönekeý) rejimi aýyrdy. “Chrome-yň goldaw menejeri Kreýg Tumblison, megabaýtlaryň bahasynyň arzanlamagy we Chrome-yň adatça has netijeli peýdalanmagy sebäpli bu aýratynlyga zerurlygyň azalandygyny aýtdy.
