iPhone ulanyjylarynyň näçesi iPhone 17-e geçer?

Apple dünýäniň sabyrsyzlyk bilen garaşýan güýzki “Awe Dropping” ady berlen enjam tanyşdyrylyşynda iPhone 17 seriýasy görkezer. Çärä sanagly gün galanda Amerikada takmynan bolsada näçe % ulanyjynyň täze modellere geçmek kararyna gelendigi belli boldy. Ine, iň köp ulanyjy (2000den gowrak) ararasynda geçirilen analitik gözlegleriň netijesi…
iPhone. ulanyjylaryň %68-i iPhone 17 seriýasyna geçmegi meýilleşdirýär. Bu görkeziji geçen ýylky iPhone 16 üçin bolan %62-lik isleglerden ýokarydyr. Bu her 10 iPhone eýesinden 7-si täze modeli satyn almagy göz öňünde tutýandygyny aňladýar.

iPhone 17 air sürprizi we Ulanyjy saýlawlary:

iPhone 17 seriýasynda adaty we Pro modellerinden başga-da ultra inçe “iPhone 17 Air” modeli hem çykar.
satyn almak isleýänleriň arasynda,
Meşhur modeller Pro we Pro Max iň  (38%)göterimi .
Adaty model iPhone 17 modeli 16,7% göterimi,
Air modelini 13,5% göterim ulanyjy satyn almak isleýändiklerini aýtdylar.

Bahalar barada ulanyjylaryň pikirleri :

iPhoneler mydama premium kategoriýa hasaplanylýar täze modelleriň ortaça satyş bahasy 900 dollardan geçýär. Anketlerde gatnaşanlaryň 68% -i ýokarlanan bahany täze enjamyň täzelenmeginde iň uly päsgelçilik hökmünde görkezdiler. 34% göterim ulanyjy bahanyň ýokarlanmagyna garamazdan, iPhone 17” -i satyn almagy meýilleşdirýändigini aýtdylar we bu  ulanyjylaryň Apple marka berk  wepalylygyny görkezýär.

Ulanyjylaryň esasy islegleri.

Täze modele geçmegi meýilleşdirýänleriň iň möhüm islegi: has uzak işleýän batareýa ömri.  %53,2-si batareýanyň işleme möhletiniň gowulaşmagyny esasy faktor hasaplaýar. Mundan başga-da, has ösen ekran tehnologiýasy, täze dizaýn we aýratynlyklar hem garaşylýan üýtgeşmeler arasynda bar. Ýöne häzirki wagtda meşhur bolan emeli intellekt diňe %7 ulanyjy üçin möhüm rol oýnaýar.

Appleden kanagatlanma derejesi

Umuman alanyňda, ulanyjylar markadan kanagatlanýarlar.  %72,9- göterim ulanyjy täze iPhoneleriň öňki ýyllara garanyňda has gowy görýändigini, emma %27,1-i Apple-nyň indi bäsdeşlerinden tapawutly güýçli taraplarynyň ýokdugyny aýdýar.
Munyň sebäbi hökmünde Apple-nyň eplenýän telefon ýaly täze görnüşlerde yza galmagy we emeli intellektde bäsdeşlerinden giç hereket etmegi görkezilýär. Täzelenen Siri entek ulanyjylara ýetmedi we Apple henizem eplenýän enjam çykarmady. Şonuň üçin hem käbir ulanyjylar başga markalara geçmegi oýlanyp bilerler. Hatta, %20,1 ulanyjy 2026-njy ýyla çenli Apple eplenýän model çykarmasa, ve emeli intellekt we beyleki kemçilikler düzeldilmese Androide geçjekdigini aýtdy.
Şeýle-de bolsa, Apple ulanyjy wepalylygy  boýunça bäsdeşlerinden has güýçli ýagdaýda. Gözlegiň netijesine görä, ulanyjylaryň %70-i markada galmagy saýlaýar. Täze modelleriň neler getirjekdigi bolsa, bu wepalylygyň dowam edip-etmejegini kesgitlejekdir.

Scroll to Top