2017-nji ýylyň soňunda işe girizilen Google Faýllar programmasynda faýllara göz aýlamak, faýllary pozmak, daşamak ýa-da kopiýalamak, aýratynlygy bilen bir hatarda ýakyn adamlara faýl ýa-da programma ibermek ýaly aýratynlyklary hem bar.

Google Files programmasy ulanyjylara başga bir peýdaly aýratynlyk getirdi. Pozup bilinjek programmalary we oýunlary tapmaga kömek etmek üçin programma üç sany täze filter getirdi.
Google Files, Android enjam ulanyjylaryna islenmeýän ýa-da ulanylmaýan programmalary ýa-da oýunlary has aňsat tapmaga we aýyrmaga kömek etjek üç sany täze filter getirdi.

Google Faýllara girip, Göz aýlamak bölümini saýlamak bilen Programmalar bölümine girilende ulanyjylar üç sany täze filterler bilen garşylaşarlar. Uly programmalar, Ulanylmaýan programmalar we Oýunlar Bu filterler bilen programmalarda we oýunlarda has aňsat gereksiz prilojenýalary pozup bilerler. Her filter aýratyn saýlanyp bilner we hiç bir filter saýlanmasa, deslapky tertipte görkeziler. Täze filterleriň elýeterli bolmagy üçin Faýllar programmasy ulanyjylaryň haýsy programmalary näçe ýygylykda ulanýandygyny yzarlamaga rugsat bermeli.
Prilojenýany şu linkten ýükläp smartfonyňyzda gurnap bilersiňiz https://play.google.com/store/apps/details?id=com.google.android.apps.nbu.files
