
Realme-niň wise-prezidenti, global marketing boýunça ýolbaşçysy we Hytaý bölüminiň başlygy Syui Çi jurnalistlara beren interwýusynda, häzirki wagtda kompaniýanyň eplenýan smartfonlary çykarmagy meýilleşdirmeýändigini aýtdy. Munuň ýerine Realme aksesuar önümleriniň sanawyny giňeldýär, olaryň arasynda zarýad beriji enjamlar, powerbanklar, sumkalar we gulaklyklar bar.
Ýakyn gunlerde geçiriljek çärede, 45 W çalt zarýady goldaýan 20 000 mA·s kuwwatly powerbank cykaryljakdygyny hem mälim etdi. Powerbank üç reňk wariantynda elýeterli bolar.
Mundan başga-da, sentýabr aýy içerisinde kamera mümkinçiliklerine aýratyn üns berlen «inçe enjamlar» linýasynda ýer aljak Realme 15 smartfon seriýasynyň çykarylyşy hem meýilleşdirilýär.