
Häzirki wagtda mobil oýun dünýäsi diýseň çalt ösýär we ZTE kompaniýasynyň täze RedMagic 11 seriýasy bu bäsleşikde iň öňdäki orunlary eýeleýär. Emma köp müşderilerimiziň kellesinde bir sora we bar: “Pro modelini almalymy ýa-da Air modeli maňa ýeterlikmi?”
TehnoStore hökmünde biz bu iki güýçli enjamynyň arasyndaky tapawutlary we artykmaçlyklary siz üçin jemledik.

ZTE RedMagic 11 Pro: Maksimum güýç isleýänlere
Eger siz oýun oýnamagy diňe bir güýmenje däl-de, durmuşyňyzyň bir bölegi hasaplaýan bolsaňyz, Pro modeli siziň üçin döredilendir.
Güýçli Sowadyş: Içindäki işjeň kuler (wentilýator) arkaly iň agyr oýunlarda-da telefon gyzman durnukly işleýär.
Batareýa Kuwwaty: Uly göwrümli batareýasy we örän çalt zarýad alyş ukyby bilen oýun wagtynda “zarýadym gutarar” diýen gorky bolmaz.
Ekran: Iň ýokary täzelenme tizligi (Hz) bilen bäsdeşleriňizden bir ädim öňde bolarsyňyz.
ZTE RedMagic 11 Air: Hem oýun, hem gündelik amatlylyk
Air modeli oýun güýjüni has ýeňil we has elýeterli görnüşde hödürleýär.
Ýeňil Dizaýn: Adyndan belli bolşy ýaly, bu telefon has ýeňil we ýuka. Gündelik ulanmak üçin örän amatly.
Baha we Hil: Pro modeliniň köp aýratynlygyny has amatly baha hödürleýär.
Ergonomika: Elde tutmak we uzak wagtlap ulanmak has aňsat.
Netije: Haýsyny saýlamaly?
RedMagic 11 Pro: “Maňa iň ýokary grafikalar we iň güýçli prosessor gerek, bahasy möhüm däl” diýýänler üçin.
RedMagic 11 Air: “Men hem oýun oýnamak isleýärin, hem-de telefonym gündelik durmuşda ulanmaga amatly we elýeterli bolsun” diýýänler üçin.
Siz haýsy modeli saýlardyňyz? Öz pikiriňizi teswirlerde biz bilen paýlaşyň!
