Dünýäde ylmyň we tehnologiýanyň näderejede çalt ösýändigini bu ugurlardaky özgertmeleriň durmuşymyza günsaýyn ornaşýandygyndan hem görmek bolýar. Şoňa görä-de, sanly ulgama bu günki gün ösüşiň hereketlendiriji güýji diýilse, dogry bolar. Çünki häzir dünýä jemgyýetçiliginiň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň aglaba bölegi sanly ulgamyň çygrynda amal edilýän işleriň netijesinde ýeňilleşýär. Häzirki döwürde ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmakda öňde durýan wezipeler ýurduň ykdysady ösüşini, senagaty, hyzmatlar ulgamyny, söwdany hem-de beýleki ulgamlaryň işini ilerletmäge itergi berjek täzeçil taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen baglydyr. Bu baradaTürkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň Maglumat we tilsimatlar müdirliginiň hünärmeni Maýa Aýnazarowanyň adybir makalasynda beýan edilýär.
Türkmenistanda sanlylaşdyrma döwrüne netijeli taslamalar bilen gadam basyldy. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» çäklerinde beýleki ugurlar bilen bir hatarda, maliýe-bank ulgamynda dünýä tejribesine kybap gelýän sanly hyzmatlary işläp taýýarlamak we bar bolanlaryny has-da kämilleşdirmek göz öňünde tutuldy. Ýurdumyzyň tejribesinde ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak konsepsiýasy geljekde uly taslamalary, şol sanda sanly bank hyzmatlarynyň durmuşa işjeň ornaşdyrylmagyny özünde jemleýär. Şu günüň nukdaýnazaryndan seljerilende, sanly bank hyzmatlarynyň umumy ösüşi ýokary bolup, raýatlar üçin oňaýlylygy döredýän özgertmeler amala aşyrylýar. Sebäbi maglumat ulgamlary tehnologiýalary pudagynda, tehnologik ösüşiň täzeçil ugurlaryny ýola goýmakda türkmen tejribesi baýlaşýar. Dünýädäki özgertmeler bilen deň derejede ösmegi nazarlaýan çemeleşmeler oňyn netije berýär.
Ýurdumyzyň bank ulgamynyň ösüş depgini bazar gatnaşyklaryna geçilýän häzirki şertlerde barha ýokarlanýar. Munuň esasy sebäbi, öňi bilen, bazar gatnaşyklarynyň ähli ykdysady gurallaryň işjeňligini talap edýänligindedir. Şu nukdaýnazardan, banklar ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýjüne öwrülýär. Bank işiniň ösüşine häzirki zaman innowasion serişdeler we tehnologiýalar görnetin täsir edýär. Halkara bazarynda internet arkaly amala aşyrylýan hyzmatlaryň arasynda öňdebaryjylaryň hatarynda bank hyzmatlary durýar. Sebäbi olaryň kömegi bilen hasaplamalary we gözegçiligi geçirip bolýar. Bu bolsa müşderiler üçin amatlydyr. Şunuň bilen baglylykda, bank hyzmatlaryny giňeltmek, dünýä derejesiniň iň öňdebaryjy usullaryny we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, pul serişdeleriniň kadaly dolanyşygyny üpjün etmek, ilatyň boş duran pul serişdelerini önümçilikde maýa goýumlaryna gönükdirmek boýunça ýurdumyzyň pul dolanyşygynda täze maliýe gurallaryny işläp taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.
Häzirki wagtda ençeme döwletlerde internet arkaly bank hyzmatlaryny alyp barýan banklaryň işi nusga alarlykdyr. Sebäbi bu günki günde sanly bank hyzmatlaryna isleg bildirýän müşderileriň sany barha artýar. Ýeri gelende, ýurdumyzyň bank ulgamynda hem elektron tölegler ulgamynyň örän giň gerim alýandygyny bellemegimiz gerek. Elektron tölegleriň ulgamy diňe bir hasaplaşyklaryň tizligini, serişdeleriň aýlanyşygyny çaltlandyrman, eýsem, bankyň serişdeleriniň dolandyrylyşyny tizleşdirmäge we düzüm bölekleriniň hasaplaşyklaryna gözegçilik etmäge hem mümkinçilik berýär.
Bütindünýä internet torunyň tizliginiň we elýeterliliginiň artmagy bilen, bank ulgamynyň işine maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny we maliýe hyzmatlaryny özünde jemleýän täze maliýe tehnologiýalary goşuldy. Bu bolsa maliýe hyzmatlarynyň görnüşini düýpgöter üýtgedip, dünýä maliýe ulgamynyň täze gurluşyny talap edýär. Täze maliýe tehnologiýalary meselesi bu gün ähli çygyrda — banklar we kompaniýalar, käbir döwletleriň pul dolandyryjylary hem-de maliýe sazlaýjylary tarapyndan halkara forumlarda ara alnyp maslahatlaşylýar. Çünki banklaryň sanlylaşdyrylmagynda täzeçil sanly taslamalary durmuşa geçirmek işleriniň ilerlemeginde juda derwaýys wezipe hasaplanylýar.
Banklaryň sanlylaşdyrylmagy umumy manyda beýan edilende, maliýe guramalarynyň iş prosesleriniň esasy ugurlaryna häzirki zaman sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagydyr. Has takygy, bu ugurdaky dünýä tejribesinde giňden ýaýran şu ýörelgeleri mysal getirip bileris:
— müşderiler bilen aragatnaşyk;
— müşderileriň karza ukyplylygyny kesgitlemek;
— hasap ýöredilişi, hasabatlylygyň kadalaşdyrylmagy;
— maýa goýum syýasaty;
— dolandyryş çözgütleriniň kabul edilmegi.
Ýokary derejede ösýän maliýe we bank ulgamynyň nukdaýnazaryndan seredilende, sanly ulgamyň esasy döwrebap ýörelgeleriň biri bolup durýandygy ýurdumyzda häzirki zaman şertleri özünde jemleýän maliýe-bank ulgamynyň kemala gelmegini şertlendirýär. Banklar tarapyndan nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, raýatlara hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak hem-de innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak maksatlary dünýä tejribesiniň iň giňden ýaýran taslamalary boldy. Şu ugurdaky başlangyçda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan halkara «VISA» töleg ulgamy bilen bilelikde döredilen galtaşyksyz «Milli VISA», «Owerdraft kart» ýaly bank kartlary ornaşdyryldy, şeýle-de sanlylaşdyrmak işlerinde «Elektron söwda», «Internet bank» hyzmatlary ýola goýuldy. Bank boýunça 2024-nji ýylyň 1-nji sentýabry ýagdaýyna ulanyşa goýberilen bank kartlarynyň sany 491,2 müňe deň bolup, töleg terminallarynyň sany 1,3 müňe ýetdi. Hasabat döwründe ornaşdyrylan terminallaryň, «Elektron söwda» ulgamlarynyň üsti bilen amal edilen nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi 430,5 million manada barabar bolup, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 29,4 göterim ýokarlandy. 2024-nji ýylyň 1-nji sentýabry ýagdaýyna bankyň pul dolanyşygyna nagt däl hasaplaşyklaryň tutýan paýy 56 göterime deň boldy.
Müşderileriň isleglerini kanagatlandyrmak, bankyň hödürleýän hyzmatlarynyň sanyny artdyrmak, internetiň üsti bilen tölegleri geçirmek, bank kartlarynyň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak hem-de tölegleri geçirmek bilen bagly töwekgelçilikleri peseltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky «VISA Virtual» atly bank kartyny ulanyşa girizdi. «VISA Virtual» halkara bank kartynyň hasaby diňe daşary ýurt walýutasynda açylyp, ol erkin aýlanýan puluň çäklerinde serişdeleriň gelip çykyşyny talap etmezden, fiziki şahsyň daşary ýurt pulundaky serişdeleriniň hasabyna nagt görnüşinde we gelip çykyşy diňe öz serişdeleri bolan nagt däl görnüşinde doldurylýar. Şeýle hem bir müşderiniň bu halkara bank kartlarynyň sany çäklendirmesiz bolup biler.
Geljegi uly ugurlaryň biri bolan döwrebap tehnologiýalary, şol sanda töleg kartlarynyň onlaýn usuldaky işjeňleşdirilmegine esaslanýan nagt däl hasaplaşyklaryň usullaryny giňden ornaşdyrmak Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň alyp barýan işiniň möhüm bölegidir. Sanly ulgamyň esasy şertleriniň biri bolan resmi internet sahypasynyň dolandyrylyşynda müşderileriň zerur bolan ýagdaýlaryň aglabasynda onlaýn tölegleri ýerine ýetirmek, islendik bank amaly barada örän düşnükli gözükdirme almak, bu ýerde uzak aralykdan habarlaşmak mümkinçilikleri göz öňünde tutulýar. «Internet-bank» ulgamynyň, «Onlaýn karz» hyzmatynyň milli tejribede giňden durmuşa geçirilmegi bank hyzmatlaryna bolan islegleriň dessin, hiç ýere gitmezden islendik ýerden peýdalanyp bilmek görnüşinde kanagatlandyrylmagyna mümkinçilik berýär.
Ýurdumyzda galtaşyksyz töleg etmek mümkinçiligini giňden durmuşa geçirmek hem wajyp wezipeleriň hatarynda kesgitlenilýär. Şunuň bilen birlikde, dünýä ýurtlarynda emeli aň tehnologiýalarynyň bank işi bilen baglylykda utgaşdyrylmagynda täze taslamalar döredilýär. Emeli aň tehnologiýalary häzirki günde sanly ulgamyň iň öňdebaryjy we işjeň ornaşdyrylýan pudagydyr. Ol maliýe bazary üçin hem amallaryň ýeňilleşdirilmeginde örän peýdalydyr.
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň alyp barýan sazlaşykly işleriniň netijesinde, onuň dürli ugurlarynyň seljerilip, şu ýylda ýokary reýtinge eýe bolmagy örän buýsançly waka öwrüldi. Has takygy, «Fitch Ratings» halkara baha beriş agentligi tarapyndan Türkmenistanyň ykdysady ösüşine berlen baha «B+durnukly» derejesinden «BB-durnukly» derejesine çenli ýokarlandy. Agentlik tarapyndan berlen halkara derejeler ýurdumyzyň halkara maliýe abraýyny ýokarlandyrmaga, milli ykdysadyýete çekilen daşary ýurt maýa goýumlarynyň möçberini artdyrmaga we karzlaryň şertlerini ýeňilleşdirmäge, netijede, Türkmenistanyň daşary ykdysady işini has-da ösdürmäge ýardam eder.
Umuman, sanlylaşdyrylan bank ulgamy maliýe hyzmatlaryny ykjam we onlaýn platformalaryň kömegi bilen amala aşyrmagyň netijesinde raýatlar üçin täzeden-täze, diňe ýeňillikli şertleriň ýola goýulmagyny üpjün eder. Bu bolsa çykdajylary we sarp edilýän wagty tygşytlamaga, şahsy maglumatlaryň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga, hyzmat etmegiň hilini we tizligini artdyrmaga mümkinçilik berer.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sanly bank ulgamyny ösdürmek boýunça amala aşyrýan giň gerimli işleri milli töleg ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge, bank hyzmatlarynyň sanly görnüşlerini artdyrmaga, banklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, netijede, ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösmegine ýardam eder. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini, maliýe bank ulgamyny ösdürmekde uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri elmydama rowaç bolsun
