Counterpoint gözlegçileriniň başga bir infografikasyna görä 2021-nji ýylda simsiz nauşnikleriň dünýä bazary geçen ýyl bilen deňeşdirilende 24% ösüp, 299,6 million birlige ýetdi.

Onuň sözlerine görä, bazaryň lideri Appleniň paýy geçen ýyl bilen deňeşdirilende 26% töweregi azaldy. Bazar paýy boýunça ikinji orunda 9% bolan Xiaomi markasy bar. Üçünji orunda 7% bolan Samsung gelýär. Markanyň täze model simsiz nauşnikleri köpçüligi özüne çekdi we kompaniýanyň satuwyny geçen ýyl bilen deňeşdirilende 33% ýokarlandyrdy. Şeýle hem sanawyň dowamynda UBL (4%), Skullcandy (4%), QCY (3%), JLab (3%), boAt (3%) gelýär, we bazaryň galan ýarysyny beýleki markalar eýeleýär.

Ýurtlara görä, simsiz nauşnikler bazar paýy 29% bolan Aziýa ýurtlarynda (Hytaýdan başga Bazaryň 16 göterimini Hytaýyň özi eýeleýär) iň köp satylýar. Ikinji orunda 27% paý bilen Demirgazyk Amerika, üçünji ýerde 21% bazar paýy bilen Ýewropa bar.

Şol bir wagtyň özünde, simsiz nauşnik bazarynyň 36 göterimi bahasy 50 dollardan arzan önümler. 200 dollardan gowrak bahasy bolan iň gymmat simsiz nauşnikleriň bazary 16 göterime eýe.
