Tehnologiýa gigantlary milliardlarça dollarlary nädip gazanýarlar?

Dünýäniň bäş öňdebaryjy tehnologiýa kompaniýalary Amazon, Apple, Facebook (Meta), Microsoft we Alphabet, Nädip milliardlarça dollar gazanýarlar? Bu barada ginişleyin okap bilersiňiz…

Amerikanyñ bäş tehnologiýa giganty Amazon, Apple, Facebook (Meta) Microsoft we Alphabet 2021-nji ýylda jemi girdejisi takmynan 1.38 trillion dollar (pandemiýadan öň 2019-njy ýylda $ 900 milliard) boldy. Dünýä ýurtlarynyň jemi içerki önümi bilen deňeşdirilende, Ispaniýanyň (1,4 trillion dollar) we Braziliýanyň (1,3 trillion dollar) arasyndaky görkezijä gabat gelýär. Visual Capitalist bu bäş kompaniýanyň girdeji çeşmelerini görkezýän gyzykly infografikany taýýarlady.

Makalada aýdylyşy ýaly bu kompaniýalar esasan iki ýol bilen pul gazanýarlar:

1.ýa size önüm satmak arkaly ,

2.ýa-da mahabatçylara maglumatlaryňyzy önüm hökmünde satmak arkaly.

Apple, Microsoft we Amazon gazanjynyň köp bölegi birinji topara girýär. Apple, girdejiniň ýarysyndan gowragy iPhone satyşyndan gelýär, Microsoft-yň girdejisiniň köpüsi (üçden birine golaýy) bulut hyzmatlaryndan we Amazon bolsa girdejisiniň ýarysyny elektron söwdadan gazanýar.

Beýleki Meta (Facebook) we Alphabet birneme üýtgeşik işleýär. Önüm satmagyň ýerine bu iki tehnologiýa ägirtleri, reklama satmak arkaly we ulanyjylarynyň nämä gyzyklanýandyklary baradaky maglumatlary satmak arkaly gazanýarlar. Metanyň girdejisiniň takmynan 98% -i Facebook mahabatlaryndan gelýär. Google-yň girdejisiniň 81% -i dürli Google önümlerindäki mahabatlardan gelýär.

Dürli satuw usullaryna garamazdan, bu kompaniýalaryň hemmesiniň umumy tarapy soňky ýyllarda girdejileriniň artyşy.

Has giňişleýin maglumatlary aşakda görüp bilersiňiz.

Amazon

Girdejileri: 469,8$ milliard Gazanç: 33,4$ milliard

47.3% – Online dükanlar 22% – satyjylara üçünji tarap hyzmatlary ( Komission we kargo tölegi ş.m) 13.2% – Cloud hyzmatlary (Amazon Web Hyzmatlary) 6,8% – abuna (Amazon premiýum) 6.6% – mahabat hyzmatlary 3.6% – fiziki dükanlar 0.5% – Beýlekiler

Apple

Girdejisi: 365,8 milliard dollar Gazanç: 94,7 milliard dollar

52.5% – iPhone satuwy 18,7% – Hyzmatlar (sanly mazmun we hyzmatlar, AppleCare, applepay, ygtyýarnamalar we ş.m.). 10.5% geýilýän enjamlar 9,6% – Mac 8,7% – iPad

Alphabet

Girdejileri: 257,6 milliard dollar Gazanç: 76 milliard dollar

69% – Reklamalar (Google, YouTube, Play Store, Gmail, Google Maps) 12.3% – Google Reklamalary 0,4% – tejribe taslamalar (Waymo, Nest, Wing we beýlekiler) 18,3% – Beýlekiler

Microsoft

Girdejisi: 168,1 milliard dollar Gazanç: 61,3 milliard dollar

31.3% – Serwer önümleri we bulut hyzmatlary (Microsoft Azure) 23,7% – Office programma üpjünçiligi önümleri we bulut hyzmatlary (MS Office) 13,8% – Windows 9.1% – Oýunlar 6.1% – LinkedIn 5.1% – Bing gözleg mahabatlary 4.1% – biznes hyzmatlar 4% – Enjamlar (Microsoft Surface) 2.7% – Beýlekiler

Meta (Facebook)

Girdejisi: 117,9 milliard dollar Gazanç: 39,4 milliard dollar

97.5% – Reklamalar 2,5% – Beýlekiler

Teswir ýazyň

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir

Scroll to Top