Türkmenistanlylar iň köp haýsy emoji (смайлк)-y ulanýarlar?

Onlaýn ýazyşmalaryňyzda, emojiler söhbetdeşiňize duýgularyňyzy beýan etmegiň ajaýyp usuly bolup durýar. Häzirki wagtda emojileriň sany 3,663 ýetýär we “Crossword-Solver” -iň geçiren barlagyna görä, “şatlygyň gözýaşy” ýa-da “gözýaşly gülýän ýüz” emojy-si dünýäde 75-e Ýurtda iň giňden ulanylýandyr.

Emojiýalary dünýäde ulanylyşynyň ölçeglerde grafiki şekillendirilişi. Awtory: crossword-solver.io

2022-nji ýylyň fewral aýyna çenli 9 million geotwitiň seljermesinie görä. Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlary Özbegistanda, Gyrgyzystanda, Eýranda, Azerbaýjanda, Yrakda, Türkiýede, Yemende ýaşaýanlar sosial mediýada iň köp 😂 “gözýaşly gülýän ýüz” emojy-si ni, Owganystanda, BAE-de, Omanda, Iordaniýada, Ysraýylda, Liwanda we Siriýada adamlar iň köp gyzyl ýürek ❤️ emojilerini ulanýarlar. Katarlylar Täjigistanlylar we biziň Ýurdumyz Türkmenistanda 🇹🇲öz baýdaklary emojisi köp ulanylýar ekeni.

Merkezi Aziýada we ýakyn Gündogarda iň köp ulanylýan emojiler. Awtory: crossword-solver.io

Saud Arabystanynda gyzyl ýürek ❤️ emojisi ibermek “huligançylyk” hasaplanýar we 100,000 Saud rialyna (26,650 dollar) jerime ýa-da iki ýyl azatlykdan mahrum edilip bilner. Netijede, saudlylar ak ýürek 🤍 emojisini iň köp ulanýarlar.

Dünýäde iň köp ulanylýan emojiler. Awtory: crossword-solver.io

Dünýäniň käbir ýurtlary baýdaklarynyň emojisini buýsanç bilen beýlekilerden ileri tutsalar, käbirlerinde bolsa haýyş edýän ( ybadat edýän)👃, aglaýan ýüz 😭 ýa-da ýere ýatyp gülýän 🤣emojiler meşhurdyr. Ýaponlar “ýagty uçgunlaryndan”✨, laoslylar bolsa kiçi ýürekli ýüz emojisini ulanmak arkaly beýleki ýurtlardan tapawutlanýarlar. Ýöne hiç bir emoji ýylgyrýan ýüz we gyzyl ýürek ýaly dünýäde giňden ýaýramandyr.

Teswir ýazyň

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir

Scroll to Top