«WaterCube» enjamyny soňky 5 ýylyň bu ugurdaky iň kämil tehnologiýalarynyň biri hasaplamak bolar

Iň kämil tehnologiýalaryň görkezilýän «CES» halkara sergisinde suw almak üçin döredilen enjamlaryň birnäçesiniň görkezilmegi özboluşly dessura öwrüldi. «WaterCube» enjamyny soňky 5 ýylyň bu ugurdaky iň kämil tehnologiýalarynyň biri hasaplamak bolar. Bu barada «overclockers.ru» internet neşirinde habar berildi.

Bu tehnologiýa bir gije-gündiziň dowamynda gün panelleriniň kömegi bilen howadan 378 litre çenli möçberde suw almaga mümkinçilik berýär. Enjamy esaslandyryjy täze tehnologiýanyň howanyň çyglylygyna görä, 40-dan 100 %-e çenli netijeli işläp biljekdigini nygtaýar.

Täze başlangyç bütin günüň dowamynda bir adam üçin zerur bolan suwy öndürmäge ukyplydyr. Görnüşi ýaly, bu diňe agyz suwy däl, eýsem, arassaçylyk zerurlyklary üçin gerek bolan suwy hem özünde jemleýär. Bir gije-gündiziň dowamynda howadan şeýle mukdardaky suwy almagy başarmak ylmyň hem tehnologiýanyň nobatdaky üstünligidir. Taraplary ortaça 150 — 160 santimetre barabar bolan tehnologiýanyň umumy agramy 400 kilograma golaýdyr.

Scroll to Top