WhatsApp’taky ýürek emojileriň reňklerine görä manylary.

Dünýäde iň köp ulanylýan WhatsApp’ta habarlaşma programmasy ulanyjylaryna köp emojileri hödürleýär. Şolardan duýguly pursatlarymyz üçin aýrylmaz ýürek emojileriniň dürli reňk görnüşleri bar. Köpimiziň bilmedigimiz, her bir ýürek emojisiniň reňkine görä aýratyn manysy bar. Reňklerine görä üýtgeýän Whatsapp-da ýürek emojileriniň manylaryna has içgin seredeliň.

Gyzyl ýürek

Gyzyl ýürek, bütin dünýäde bolşy ýaly, WhatsApp-da hakyky söýginiň nyşanydyr. Köp halatlarda hyjuwy we romantikany görkezýär. Şeýle hem dostlugyň romantik däl baglanyşyklary üçin hem ulanylyp bilner.

Mämişi (оранжевый) reňkli ýürek

Ýürek şekili söýgini aňladýan bolsa, mämişi (оранжевый) reňk dostlukdyr. Şonuň üçin mämişi ýürek emoji kimdir birini halaýan bolsaňyz, söýüşmek däl-de ýöne dost bolmak isleýänler üçin idealdyr. “Friendzone emoji” diýip hem atlandyryp bileris.

Sary ýürek

Sary ýürek emojysy altyn ýürek diýip pikir edip bilersiňiz. Arassalygy we yhlaslylygy aňladýar. Romantiki manyda ulanmak üçin gaty amatly däl, ýöne bagt we dostluk ýaly manylarda ulanmak üçin amatly.

Ýaşyl ýürek emoji

Ýaşyl ýürek emojiýasynyň manysy, kimiň ulanýandygyna baglylykda üýtgäp biler. Ekologiýa taýdan arassa , sagdyn iýýän ýa-da wegeterýan adam üçin tebigata bolan söýgini görkezýär. Şeýle-de bolsa, söýýän adamyna ulanylýan bolsa, gabanjaňlygy hem aňladyp biler. Gatnaşyklarda problema bardygyny aňlatmak üçin hem ulanylyp bilner.

Gök reňkli ýürek emoji

Gök ýürek emoji ynamy, wepalylygy aňladýar. Saňa doly ynamym bar diýmegiň iň gysga usuly. Şeýle-de bolsa, käbir ýagdaýlarda platoniki söýgini hem görkezýär. Mawy ýürek emoji autizm barada habar beriş kampaniýalarynda we suw sportlarynda hem ulanylýar.

Menekşe (Фиолетовый) ýürek emoji

Menekşe (Фиолетовый) ýürek emoji düşünişmegiň we rehimdarlygyň nyşanydyr. Şeýle hem ideg etmek seretmek we päk söýgi diýmek üçin ulanylýar. Eneler gününiň habarlarynda köplenç makul bilner. Modaçylar we meşhurlar tarapyndan ulanylanda bolsa bu, jadylylygy we baýlygy hem aňladyp biler.

Gara rreňkli ýürek emoji

Garaňky temaly habarlarda ulanylýan gara ýürek emoji. Köplenç erbet niýetli degişmeler ýa-da ýazyşmalarda ulanylýar. Gynandyryjy we ýas tululýan ýagdaýlarda, hem ulanylyp bilner.

Ak reňkli ýürek emoji

Ak reňk halkara arenasynda parahatçylygyň nyşany bolany üçin, ak ýürek emoji hem bu görnüşli söýginiň alamatydyr. Ak ýürek emojisi arassa dostlugy we gatnaşyklary aňlatmak, şeýle hem hoşniýetlilik we päkligi görkezmek üçin ulanylyp bilner.

Goňur (коричневый) ýürek emoji

Goňur (коричневый) ýürek emoji bolsa , ýürek durmuşa söýgini, durmuşy aňlatmak üçin. Goňur ýürek emoji şokolad söýgüsi üçin hem ulanylýar. Daşky gurşawa we tebigata bolan söýgini görkezmek üçin ulanylsa bolsa-da , goňur ýylylyk sebäpli ynamlylygy we rahatlygy görkezmek üçin ulanylýar.

Döwülen 2-ä bölünen ýürek (разбитое сердце) emojysy söýgüliň duýgularyny döwülen ýürek emojisinden has gowy görkezýän zat barmy? Söýgiden ejir çekýän ulanyjylaryň arasynda birinji ýerde durýar. Döwülen ýürek emoji umytsyz aşyklaryň ýa-da ýaraşmaga umydy bolmadyklaryň duýgularyny iň gowy beýan edýär.

Gyzyl ýürek emojiýasynyň aşagyndaky nokat bilen gelýän emoji, hakyky söýginiň nyşanydyr. Habarlaryň gapdalynda hökman goşulmaly, meselem, saňa bolan söýgüm çäksiz, ýa-da gözelligiňe haýran men ýaly sözlerde ulansaňyz Bu emojy teklibiňiziň güýjüni artdyrýar.

Karikaturalarda ýa-da multfilmlerde aşyklaryň töwereginde ýüzýän ýürekleriň emoji görnüşi bolan iki sany gülgüne ýürek emojiýasy, howada ýüzýän söýgi duýgusyny suratlandyrýar. Dostlukda, romantik gatnaşyklarda-da ulanylyp bilner.

Köne filmlerinde agaçlaryň aňyrsynda gizlenip oýnaýan söýgüli ýaşlara meňzeş iki aýlanýan gülgüne ýürek emojiýasy, iki adamyň arasyndaky söýgi we mähir baglanyşygyny görkezýär. Başga bir söz bilen aýdylanda, kowalap ýörkäm gaçyp barýan söýgüli

Ýüregimiň tolgunma bilen joşýandygyny aýtmagyň başga bir usuly, urýan ýürek emoji. Bu emoji baglanmagyň nyşany bilen hem deňeşdirilýär. Şu nukdaýnazardan, ýüregiňiz birine baglaýandygyny aýtmak üçin hem ulanylyp bilner.

Hatda ýekeje ýürek söýgini alamatlandyrýan bolsa, elbetde, yzygiderli üç we ösýän ýürek has uly söýgini alamatlandyrýar. Şeýle hem bar bolan söýginiň ulaltmagy ýa-da täze söýginiň başlangyjyny we ýakynlaşdyrmagy aňlatmak üçin ulanylyp bilner.

Gresiýanyň söýgi hudaýy Erosyň okuny iýen umytsyz söýgülini aňladýan okly ýürek emoji bilen ýürek, ‘meni ýüregime atdyň!’ Diýmek üçin hem ulanylyp bilner. Diňe romantik manyda ulanylýar. Söýgüliler güni habarlary üçin elbetde köp ulanylar.

Ýanýan Gyzyl ýürek Höwesli we güýçli söýgini aňladýar. Sözlemiň akymyna baglylykda, uly höwes bilen söýülýän zatlary aňlatmak üçin hem ulanylyp bilner.

lenta bilen örtülen ýürek söýýändigiňi ,söýmegiň aňlatmagyň iň sypaýy usullaryndan biri, ýüregimi saňa berýärin, Janyňy bermäge taýýardygyny we ömürlük bile bolmak isleýändigini romantik manysynyň daşynda, esasanam gutlag habarlarynda hem ulanylyp bilner.
Her gün reňklerine görä ulanýan Whatsapp-da ýürek emojileriniň manylaryny we haýsy emojiýany kime ulanyp boljakdygyny düşündirdik. Halaýan ýürek emojiýaňyz haýsy? Pikirleriňizi teswirlerde paýlaşyp bilersiňiz.

Teswir ýazyň

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir

Scroll to Top