Xiaomi-niň başlygy Lu Weibing, Xiaomi 17 Pro Max-iň kamera adasy dizaýnynyň Apple bilen baglanyşykly däldigini, eýsem bu dizaýnyň 2021-nji ýylda çykarylan Mi 11 Ultra modelinden ylham alnandygyny aýtdy.

Weibing, Xiaomi-niň Apple-nyň ad goýmak stiline meňztmek üçin 16 seriýasyny ätlenendigi baradaky pikirleride ret etdi. Munuň ýerine, 15 seriýasyndan 17-ä geçmeginiň täze seriýa önümleriniň tehniki güýjünde syçrama bolanlygy manysyny aňladýandygyny aýtdy. Şeýle hem, SU7 we YU7 ýaly modellere salgylanyp, Xiaomi’nyň 7 sanyna bolan höwesini nygtady we seriýada ultra inçe Air wersiýasynyň çykmajakdygyny tassyklady.

Weibing, Xiaomi 17 seriýasynyň Hytaýda 1-nji oktýabrdan öň satuwa çykjakdygyny mälim etdi. Şeýle hem bu modelleriň 23-nji sentýabrda tanyşdyryljak Snapdragon 8 Elite Gen 5 prosessory bilen geljek ilkinji smartfonlar boljagyny belledi. Xiaomi bu prosessor üçin belli bir wagtlyk eksklýuziw ulanyş hukugyny aldy, şonuň üçin beýleki markalarda bu çipli smartfon oktýabrdan öň gelmez.
Bahalary
Xiaomi 17 Pro: 5.000 – 6.000 ýuana (≈700 – 850 dollar)
Xiaomi 17 Pro Max: 6.000 – 7.000 ýuana (≈850 – 1.000 dollar)
Bu bahalar diňe Hytaý bazary üçin bolup, telefonlaryň halkara bazarlara çykarylmagy bilen bahalaryň ýokarlanar.
Arka ekran bilen täze mümkinçilikler

Weibing, Xiaomi-niň arka ekrany öndürmek üçin 1 milliard ýuan maýa goýlandygyny, munuň ýokary çykdajylydygyny we bäsdeşleriň bu tehnologiýany kopýalamagyny kynlaşdyrýandygyny aýtdy. Bu arka ekran aşakdaky funksiýalary ýerine ýetirýär:
Jaňlary dolandyrmak,
Aýdymlary kontrol etmek,
Syýahat maglumatlaryny görkezmek,
Sekundamer,
we iň esasy: arka kameralar bilen selfie düşürmek üçin vizýor hökmünde hyzmat edýär.
Bu funksiýa arkaly has ýokary hilli selfi suratlary düşürmek mümkin bolýar.

