Xiaomi, Redmi ýa-da Poco smartfonynyň indiki MIUI täzelenmesini aljakdygyny nädip bilmek mümkin?

– Xiaomi smartfon eýeleriniň iň köp berýän soraglaryndan biri.

Xiaomi smartfonym täze MIUI alarmy? ýa-da Näme üçin smartfonym täzelenenok?

Ilki bilen, täzelenmeleri goldamagyň wagtynyň köp faktorlara baglydygyny bellemelidiris, şonuň üçin smartfonyň täzelenmeleri haçan bes etjekdigini çaklamak kyn. Şeýle-de bolsa, kompaniýanyň ozalky täzelenen enjamlaryna esaslanyp, smartfonyňyzyň indiki täzelenmäni aljakdygyny çaklamak mümkin.

Täzelenmeleri goldamak üçin iň az döwüre görä.

Xiaomi-niň çykan gününden azyndan 2 ýyl öz smartfonlaryny täzelemegi goldaýandygy mälimdir (bu döwür Samsung -da 3-4 ýyl). Şeýlelik bilen, smartfonyňyzyň ýaňy-ýakynda yglan edilen MIUI-iň täze wersiýasyny aljakdygyňyzy bilmek üçin , smartfonyňyzyň dünýä bazaryna haçan çykandygyny bilmek ýeterlikdir. Enjamyňyz çykanyndan bäri Iki ýyldan gowrak wagt geçmedik bolsa, täzelenmäni almagyňyz ähtimallygy ýokarydyr.

Smartfon seriýasy
Täzelenmäniň goldaw döwrüne täsir etjek indiki faktor, smartfon seriýasy: Xiaomi / Mi seriýaly flagmanlary Redminiň býudjet smartfonlerinden hemişe ileri tutulýar, şonuň üçin has köp täzelenme alar.
Xiaomi / Mi flagmanlary, goldaw döwründe Android wersiýasynyň iki täzelenmesini (meselem, 10-dan 11-e, soň bolsa 11-den 12-e çenli) alyp biler. Redmi býudjet seriýasy, adatça, Android wersiýasynyň diňe bir täzelenmesi bilen çäklenýär (meselem, 10-dan 11-e çenli) . Şonuň üçin, smartfonyňyz çykandan bäri hiç haçan Android wersiýasyny üýtgetmedik bolsa, MIUI täzelenmelerini almak ähtimallygy has ýokary.

Xiaomi-niň täzelenme syýasaty barada instagram sahypamda şu postda hem maglumat beriptik

Kadadan daşary ýagdaýlarda

Şeýle-de bolsa, täzelenmeleriň ýokardaky prinsipi hemişe amalda bolman biler we seýrek ýagdaýlarda kadadan çykmalar bolýar. Mysal üçin, täzelenmeleriň çäklendirilmegi belli bir çipset üçin täzelenmeleri goldamak üçin zerur çeşmeler bilen üpjün edip bilmeýän prosessor öndürijisine bagly bolup biler. Mundan başga-da, giňden meşhur bolmadyk smartfonlar has ir “pensiýa çykýarlar” we täzelenmeler bolmazdan galýarlar.

Bu enjamlar hiç wagt täzelenmez

Hawa, Xiaomi resmi web sahypasynda Xiaomi we Redmi Poco enjamlarynyň Android, MIUI wersiýalary we howpsuzlyk patç-lar ýaly täzelenmeleri goldamagy düýbünden bes eden modeller sanawyny yglan eder. (* EOS Product List – goldawy bes edilen önümleriň sanawy). Smartfonyňyz şu sanawda bolsa, täzelenmeleri almakdan umyt etmän bilersiňiz. Bu sanawy şu ýerden görüp bilersiňiz.

Xiaomi Smartfonyňyzyň Android 12 we MIUI 13 täzelenmesini goldaýandygyny ýa-da ýokdugyny bilmek isleseňiz, Google Play Market-den MIUI Updater programmasyny göçürip alyp şol programma arkaly öwrenip bilersiňiz.

Teswir ýazyň

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir

Scroll to Top