Garwarddaky mugallymlaryna 30 ýaşynda millioner boljakdygyny aýdýan Bill Geýtsiň 31 ýaşyndaka hakykatdanam milliarder bolandygyny bilýärsiňizmi? Kompýuter programmirlemesi bilen gyzyklanýandygyna garamazdan, Geýts 1973-nji ýylda Garwardda hukuk ugurdan uniwersitetde okuwa başlaýar. Hukuk kurslaryndan gyzygyşy kompýuterlere geçen Geýts, iki ýyl soň Garwarddan çykyp, ömürlik dosty bolan Paul Allen bilen ilkinji Micro-soft operasiýa ulgamynyň üstünde işläp başlady.
Köp wagt geçmän, geljekde programma üpjünçiligi giganty boljak Microsofty esaslandyrdylar.
Geýtsiň başdan geçirenlerinden öwrenip biljek köp zadymyz bar. Bu makalada Geýtsiň durmuş, maýa goýum we tehnologiýanyň geljegi barada ýatdan çykmajak sözlerinden käbirlerini siziň bilen paýlaşýarys.

- Üstünligi gutlamak bellemek gowy, ýöne şowsuzlyk sapaklaryna üns bermek has möhümdir.
- Aklymyň 10 göterimini iş hakda pikirlenmäge bagyşlaýaryn. Iş meniň üçin beýle çylşyrymly däl.
- Sabyr üstünlik gazanmagyň açarydyr.
- Kapitalizm adamlary motiwe edýän ajaýyp zat. Ajaýyp oýlap tapyşlar döredilmegine sebäp bolýar. Ýöne bu dünýäniň agyr kesellikli böleginde bizi ýarym ýolda taşlap gider
- Tehnologiýa diňe bir gural. Çagalary bilelikde işlemäge öwretmek we höweslendirmek üçin iň möhüm kişi mugallymdyr.
- Geljek asyrda başgalary güýçlendirýänler lider bolarlar.
- Geljek asyrda has ähliumumy pikir höküm sürer diýip pikir edýärin. Diňe yurdumda gowy işler edilýär diýmersiňiz, dünýä hakda hem pikir edersiňiz.
- Iň şikaýatçy müşderileriňiz, iň uly öwreniş çeşmäňizdir.
- Adamlara problemalary we çözgütleri görkezseňiz, herekete geçerler.
- Iş üçin ulanylýan tehnologiýanyň ilkinji düzgüni, netijeliligi ýokarlandyrmak üçin ulanylýan awtomatlaşdyryşdyr. Ikinjisi, netijesiz işe ulanylýan awtomatlaşdyryş netijesizligi artdyrjagydyr.
- Bu iş dünýäsine girmek üçin ajaýyp döwür. Sebäbi bu iş ýakyn 10 ýylda geçtigimiz 50 ýyldakysyndan has köp üýtgär.
- Internet alyjy bilen satyjyny gönüden-göni ýüzbe-ýüz etmek we biri-birine has köp maglumat alyşmak arkaly jedelsiz kapitalizmi döretmäge kömek eder.
- Mydama özümize aýdýarys. Biz innowatsiýa etmäge mejburdyrys. Öňe gidişlik bilen ýüze çykmalydyrys. Aslynda, bar bolan programma üpjünçiligini ulananyňyz üçin bize hiç zat tölemeýärsiňiz. Diňe etjek täzeliklerimiz üçin töleg alýarys.
- Bir Notebookyň iň gowy tarapy, içine näçe zat goýsaňda agyrlaşmaýanlygy we ulalmaýanlygyr.
- Täze standart düzmek diňe biraz üýtgeşik bolmak däl. Hakykatdanam täze bir zat bolmaly we adamlaryň hyýallaryndaky zat bolmaly. Meniň gören hemme kampýuterleriň arasynda Macintosh bu standarda laýyk gelýän ýeke-täk enjamdyr.
