Tesla täze Model S we X elektrik awtoulaglaryny hödürläninde, içindäki kompýuter aýratynlyklarynyň PlayStation 5 konsolyndan galmajakdygy we Cyberpunk 2077 ýaly beýleki güýçli kompýuterleri talap edýän häzirki zaman oýunlaryny oýnap biljekdigi aýdylypdy.

Twitter sosial ulgamynda jurnalist Raýan Makkaffriniň sowalyna jogap edip, Teslanyň Esaslandyryjysy Elon Musk elektrikli awtoulaglaryň Steam oýunlaryny oýnamagyna mümkinçilik berýän aýratynlygyň üstünde işleýändigini aýtdy: Biz Tesla-da Steam oýunlaryny işlemegiň üstünde işleýäris. Ilon Mask şeýle hem 2023-nji ýylda çykmagyna garaşylýan Cybertruck maşinasy Cyberpunk 2077 oýnunyň 100% goldajakdygyny aýtdy. Tesla awtoulaglaryň kompýuterleri Linux esasly operasiýa ulgamynda, şeýle-de AMD RDNA2 grafiki kartasynda işlär we bu Tesla awtoulaglara Steam-i göçürmek mümkinçiligini berip biler-diýdi.
