Ultrasonik (ses) barmak yzy skaneri barada.

Bilşiňiz ýaly, ekran asty barmak yzy datçigi smartfonlaryň dizaýn taýdan has owadan we ergonomiki modelleri öndürmek üçin esasy aýratynlyga eýe.

Smartfon industriýasyna iň soň giren barmak yzy skanerleýji tehnologiýasy ultrasonik sensor hasaplanýar . Ilkinji gezek 2016-nji ýylda Le Max Pro smartfonynda gurnaldy.
Bu skaner köp tarapdan Qualcomm we Sense ID tehnologiýasy bilen baglanyşykly.

Qualcomm häzirki wagtda ultrases barmak yz skaneriniň ikinji neslini öndürýär. Täze nesil has uly barmak yzy meýdany we has ýokary tizlik hödürleýär

ULTRASONIK BARMAK YZY SKANERI NÄHILI IŞLEÝÄR

Barmak yzynyň jikme-jikliklerini kesgitlemek üçin sensor ultrases geçiriji we kabul ediji apparatlary ulanýar.
Ultrasonik impulsy skanerde goýlan barmaga gönükdirilýär. Impulsyň bir bölegi, her barmak yzy üçin mahsus bolan şekil, yz we beýleki jikme-jikliklerine görä datçige gaýtarylýar.

Uzak wagt dowamynda skanerlemek goşmaça çuňluk maglumatlary almaga mümkinçilik berýär. Bu arkaly skanirlenen barmak yzynyň 3D görnüşini döretmäge mümkinçilik berýär. Bu ulgam beýleki barmak yz skanerlerinden has ygtybarly.

Qualcomm-yň 3D barmak yzy skaneri Galaxy S10, Note 10 we Note 20 seriýalarynda goýulypdy. Ikinji neslini Galaxy S21 seriýasynda görmek mümkin.

Samsung täze nesil 3D barmak yzy skaneriň köne nesilden 50% çalt işleýänligini we nusga alyş meýdany 77% ulalandygyny öňe sürýär.Ultrasonik ses skaneriniň kemçiligi, beýleki skanerler ýaly çalt işlemezligidi. Bu ýokarda agzalan sebäpler bilen baglanyşykly. Emma Qualcomm muny ikinji nesil tehnologiýasy bilen çözdi.

Bu tehnologiýa ekrana gorag aýnasy ýerleşdirilse, skaneriň işleýşi hasam haýallaşar. Aýna has galyň bolsa, asla işlemän biler. Şonuň üçin häzirki wagtda smartfonlary ýörite gorag plýonka yada aýna önümçilikde fabrikadan dakylyp satyşa çykarylýar.

Teswir ýazyň

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir

Scroll to Top