Mobil protsessor bazarynda Samsung-yň Exynos-y we MediaTek düşüşde Qualcomm ösüşde.

2022-nji ýyla giren bolsak-da, henizem geçen ýylyň analizleri gelmegi dowam edýär. Köp ugurda gözleglerini analizlerini hasabatlaryny çap edip gelýän Counterpoint 2021-nji ýylyň dördünji çärýeginde mobil prosessor bazaryndaky paýyny görkezýän täze maglumatlary köpçülige paýlaşdy. Bu maglumatlara görä, Samsung-yň Exynos we MediaTek prosessorlarynyň paýy ep-esli azalýar. Beýleki tarapdan, Qualcomm we Unisoc CPU-lary bazardaky ösüşi bilen ünsi özüne çekýär.

Counterpoint Research-a görä, smartfon çipset bazary 2021-nji ýylyň soňky çärýeginde 2020-nji ýylyň 4-nji çärýegi bilen deňeşdirilende 5% ösdi. Çip krizisinden emele gelen komponent ýetmezçiligi we bazar islegleriniň artmagy sebäpli prosessor öndürijileri gowy netijeler gazanýar.

2020-nji ýylyň soňky çärýegi bilen deňeşdirilende, MediaTek-iň bazar paýy 37 göterimden 34 göterime çenli azaldy, emma gigant çipset öndürijisi henizem mobil CPU bazarynda öňdebaryjy bolup durýar.Counterpoint Research analitikleriniň pikiriçe, MediaTek-iň täze Dimensity 9000 prosessory 5G mümkinçilikli smartfonlara bolan islegiň artmagy bilen kompaniýa girdejilerini we bazar paýyny artdyrar.Ýöne bir erbet habar bar, Taýwanda ýerleşýän ýarymgeçiriji öndüriji TSMC şu ýyl önümçiliginiň bahasyny ep-esli ýokarlandyrdy. Muňa garamazdan, MediaTek 2022-nji ýylda gowy ýyl geçirer, sebäbi köp dürli baha skalasynda dürli 5G protsessorlary tanatdy. Bular bu ýylyň dürli Android smartfonlarynda garşylamaga başlarys.

Qualcomm-a gelsek, hyzmatdaşlaryndan islenýän mukdarda çip alyp bilmese-de, 2021-nji ýylyň oktýabr-dekabr aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 33 göterim ösüş gazandy we ýyly ýokary netije bilen ýapty. Bu ösüş bilen Mobil CPU bazardaky paýy 30% ýetip Qualcomm-y 2-nji bolmagyna getirdi. Günorta Koreýanyň tehnologiýa giganty Samsung-a degişli Exynos protsessorlary geçen ýyllarda iň köp satyn alnan CPU modelleriniň arasynda ilkinji üçlüge girýärdi. Ýöne soň hasabata görä bazarda diňe 4% paýy bar.Samsung smartfon önümçilik bölümi şu ýyl prosessorlar barada täze syýasatyna görä Galaxy S22 seriýasy dünýäniň köp ýurtlarynda Snapdragon 8 Gen 1 prosessor bilen satuwa çykarylýar. Bu hem Exynos bazar paýynyň barha düşmegine sebäp bolar.

Umuman aýdanyňda, Unisoc soňky döwürde tiz ösmegi bilen adyny köp eşidilýän çip öndürjüsi boldy, soňky 1 ýylda 2 esse ulaldy we pazar paýyny 11 göterime çenli ýokarlandyrdy. Unisoc-yň ösmegi geň galdyryjy däl. Sebäbi Honor, Realme, Motorola, ZTE, Transsion (Tecno, Infinix) we hatda Samsung hem prosessorlaryny ulanýar. Unisoc adatça düşuk derejeli we orta segment mobil protsessorlary öndürýär.

Huawei-e degişli bolan çip öndürji HiSilicon barada kän täzelik ýok . Sebäbi olarda işler gaty erbet. Counterpoint analitikleri kompaniýanyň çipleriniň stoklarynyň tükenendigini esasanam ýokary derejeli flagman prosessorlary öndürmekde, kynçylyklaryň bardygyny aýdýarlar. Çak edişiňiz ýaly, HiSilicon-yň iň uly müşderisi Huawei-iň özi bu ýagdaý sebäpli Qualcomm-yň 4G çipsetlerine geçmeli boldy. Kompaniýanyň iň soňky flagmany P50 Snapdragon 888 lite-den güýç alýar.

Teswir ýazyň

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir

Scroll to Top