Gözlegde uklamazdan ozal telefon / planşet ulanmagyň ukynyň hiline etjek täsiri seredildi. Bu gözlegiň netijeleri düýbünden ters netijeleri ýüze çykardy.
Adamlaryň arasynda giňden ýaýran uklamazdan ozal telefon oýnamak ukynyň hilini peseldýänligi täze gözlegiň mowzugy boldy.
Bu mowzuk boýunça gözleg öňem geçirilipdi. Netijede uklamazdan ozal telefony ulanan adamlaryň uka gitmegi has kyn bolandyklary we özlerini ýadaw duýandyklary aýan edilipdi. Emma soňky gözlegler munuň tersini görkezdi.
Journal of Sleep jurnalynda neşir edilen bu gözlegde, ukynyň hiliniň we uklamazdan ozal ekrana seretmegiň arasyndaky baglanyşyga seretdildi.
Gözlegde, uklamazdan ozal ekrana seretmegiň beýle möhüm faktor däldigi ýüze çykdy. 58 adamyň gatnaşmagynda geçirilen synagda EEG enjamyna birikmek arkaly ýatmazdan öň telefon planşet ýaly önümler bilen wagt geçiren adamlaryň ukusy barlandy.
UKY HILINIŇ ÝOKARLANAN GATNAŞYJYLAR HEM BOLDY.

Gözlegiň netijesinde uklamazdan ozal telefon ýa-da planşet ekranyna sereden käbir ulanyjylaryň ukysynyň hilini ýokarlanandygy ýüze çykdy. Öňki gözleglere ters gelýän bu netijeleri alymlar şeýle düşündirdiler:
Ýatmazdan ozal telefon ýa-da başga bir enjam ulanmagyň däl, näme sebapden ulanýar onyň sebäbi uky hiline täsir edip biler diýip pikir edýärndilerini aýtdylar.
Journal of Sleep-de neşir edilen bu gözleg 58 adamdan ybarat gaty kiçi toparda geçirildi. Bu sebäpden netijeleriň takyk diýmek häzirlikçe kyn. Gözlegçiler bu gözlegiň gerimini giňeltmegi we has takyk netijeleri çykarmagy meýilleşdirýärler.
