Aziýanyň inowatsiýasy: Gündogaryň Tehnologiki ösüşiniň 10 prinsipi.

Koreýanyň meşhur KAIST Biznes mekdebiniň professory Sun Ju Park bir wagtlar Samsung Group-da uly geňeşçi bolup işleýärdi. Professor ýaňy-ýakynda Samsung, Lenovo, Xiaomi we beýleki Aziýa tehnologiýa kompaniýalarynyň çalt ösüşi barada şahsy tezisini çap etdi. Aşakda professoryň 10 möhüm pikirlerini size ýetirýäris.

1. Ähli ugurlarda ösen ideýalary durmuşa geçiriň. 10,000 ýyl mundan ozal tüwi ösdürip ýetişdirmek hem şol döwür üçin inowatsiýon täzelikdi. Emma adamzat 5000 ýyl ozal bolsa hamyrmaýa çöregini ýetişdirmegiň syryny oýlap tapdylar.

Häzirki zaman tehnologiýa döwründe şeýle taryhy täzelikleri durmuşa geçirmek aňsat iş däl. Emma jemgyýetdäki ösüş, ilkinji nobatda, her bir adamyň üýtgemegi, we içinden täzelige bolan isleginden gelip çykýar.

2. Yrsgalyňyzy dogry saýlaň. Samsung wagtynda analog telewizor öndürmegi ýola goýup Sony bilen göreşen bolsady eýýäm ýapon garşydaşyna ýeňilip, çökgünlige sezewar bolardy. Şonuň üçin koreý giganty sanly telewideniýe tehnologiýasyny ösdürmegi ýüregine düwdi we üstünlik gazandy. Adamlaryň durmuşyna innowatsiýon tehnologiýany getirmegi ony lidere öwürdi.

3. Innowasiýa diňe täze çykan haýsydyr bir önüm däl. Bu, ilkinji nobatda hyzmat, iş prosesi ýa-da biznes modeli. Sada dilde bu diňe bir täzelik däl, eýsem hormaty we mertebäni ýokarlandyrýan faktor. Her hyzmat ediji bu ýörelgä düşünmeli.

4. Tehnologiýa bazarynda elmydama lider we şol tehnologiýany çykaran bolar. Mysal üçin, kir ýuwýan maşyn tehnologiýasy Bendix tarapyndan işlenip düzülen hem bolsa, LG henizem bazarda ýolbaşçylyk edýär. Internetde ses aragatnaşygyny Saerom ilkinji bolup ösdürdi, ýöne häzirki wagtda her kim Skype, ýa-da WhatsApp ulanýar. Gibrid awtoulaglar ilki Pieper tarapyndan tanyşdyryldy, ýöne her kim Toyota-ny iň gowysy diýip bilerler. Ilkinji MP3 pleýer Koreýanyň Saehan kompaniýasy tarapyndan işlenip düzüldi, ýöne Apple-iň MP3 pleýerleri meşhur boldy. Ýa-da Koreýanyň Cyworld kompaniýasyny köpçülük tanamaýar emma Facebooky hemme tanaýar ulanýar. Ýöne muňa garamazdan Mark Zukerbergden öň Facebook-yň pikiri Cyworld tarapyndan döredilipdi. Diýjek bolýanym, birinji bolmasaňyzda, innowasiýa ulanyp, bazar lideri bolmak mümkin.

5. Nädip öňde bolup bileris? Bir wagtyň özünde döredijilikli we tankydy pikirlenmek arkaly. Hiç kimde ideal pikir ýok. Ilki bilen ylmy teklibiň ýa-da ideýanyň düşündirişi bar, ýagny gipoteza. Olar näderejede özlerini aklaýandyklaryny seljermek zerurdyr. Ylymdan tapawutlylykda seýrek pikirler uniwesal bolup biler. Kompaniýalaryň üstünligini şolara dogry çemeleşmegi we dogry çözgüdi bilen kesgitlenilýär.

6. Göçürmek (копияламак) erbet endik däl. Çagalar näme edýärler? Eje kakalaryna öýkünýärler olardan harakterlerini özlerini alyp baryşlaryny göçürýärler. Adamzadyň tutuş taryhy göçürmek we imitasiýadan ybarat. Göçürmek we öýkünmek sebäpli ýer ýüzündäki pikirler bir ýerden başga ýere geçýär. Hut şu proses innowasiýa we täzeligiñ çeşmesidir.

Bolşy ýaly göçürip şondan gazanç etmek bikanundyr we hiç kim munuň bilen uzaga gidip bilmez.

Döredijilikli göçürmek arkaly täzelik getirmek – Bu ösüşiň döremegine hyzmat edýär. Bu biznesiň möhüm bölegidir.

7. Aziýada innowasiýalaryň çalt ösmegi ilatyň köplügi, we talabyň ýokarylygy, durmuş ýörelgeleriniň çalt ösmegi bilen baglanyşykly. Şeýle hem, bu ýerlerde ykdysadyýetiň ösüşi we içerki paý beýleki sebitlere garanyňda has ýokary. Şonuň üçin häzirki wagtda dünýäniň esasy üç kompaniýasynyň biri Aziýada ýerleşýär. Has Takygy – Taýwanda, Ýaponiýada, Hytaýda we Koreýada.

8. Inowatsiýa we ösüşiň medeni köklerine üns beriň. Birinji orunda Men mi bolmaly ýa-da biz ? Men indiwidualizm, ýagny şahsyýetparazlyk Biz bolsa – beýlekiler bilen hasaplaşykda toparlaýyn işlemek. Günbatarly bagt diýlende şahsy erkinlige düşünýän bolsa, gündogarlylar üçin bu adamlaryň arasynda bolmak sosial sazlaşyk, bagty aňladýar. Aziýa ýurtlarynyň ösüşi hem bu medeni aýratynlyk bilen baglanyşykly. Gündogar kompaniýalary biznes ýörelgelerini, ösüş maksatnamalaryny döretmekde şoňa esaslanýar. Olar üçin kompaniýa we onuň işgärleri bir maşgala ýaly. Ine şonuň için maşgala agzalary her gün öýlerine täzelikler, progressiw pikirler bilen gelýärler.

9. Aziýanyň her bir halkara kompaniýasy özboluşlydyr. Lenovo çeýe we köp medeniýetli, Samsung çalt, Toyota anyk we ýöriteleşdirilen önümler, Xiaomi bolsa arzan we ýokary hilli önümleri bilen meşhur. Biznesde özboluşly perspektiwanyň bolmagy gaty möhümdir. Şonda sizi çalt we aňsat ýatda saklarlar.

10. Gündogar kompaniýalary “max-management” -den gowy peýdalanýarlar. Bu namani anladyar? Bu ses tizliginde dolandyryş. Ösen tehnologiýa pudagy üçin bu zerurdyr. Önümiň çalt öndürilmegi, bahanyň çalt optimizasiýasy, ony çalt mahabatlandyrmak we ilkinji nobatda çalt bazara çykarmak. Bularyň hemmesini çalt ýerine ýetirmeli. Bu size üstünlik getirer, ýalňyşlyk goýberseňiz ony düzetmäge mümkinçilik berer.

Jemleýji netije: beýleki kompaniýalar Toyota, Samsung we Lenovo ýaly kompaniýalaryň tehnologiýasyny ogurlap bilerlermi? Yok.

Sebäbi bu olaryň iş modellerini, dolandyryş aýratynlyklaryny, däp-dessurlaryny jikme-jik öwrenmegi talap edýär.

Bir hakykaty ýadyňyzdan çykarmaň – inowatsiýanyň ýeke-täk uniwersal modeli ýok. Birinden göçürip bilersiňiz, ýöne öňe gitmek üçin döredijilikli bolmaga mejbursyňyz.

Teswir ýazyň

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir

Scroll to Top