Adatça durmuşymyzyň köp pursatlary gije surata düşülmeli bolýar. Kameralar surata düşürmek üçin ýagtylyga mätäç, edil adamyň gözi ýaly smartfon kameralary hem garaňkyda gowy görüp bilmez. Şuňa meňzeş ýagdaýlarda smartfon kamerasyndaky gijeki rejim «Ночной режим» kömege gelýär.
GIJEKI REJIM NÄHILI İŞLEÝÄR
Adaty gijeki rejim köp kadrly (HDR) prinsipinde işleýär. Kamera şol bir wagtyň özünde birnäçe gezek surata düşürýär, hersiniň özüne mahsus parlaklık ýagtylyk, we ýitiligi sazlanýar, şondan soň ähli kadrlar bir, anyk we ýagty surata birleşdirilýär. Kameranyň emeli intellekti kadrdaky detallary, ýagtylygyň mukdaryny, elleriň hereketini we titremesini hasaba alýar. Awtomatiki gijeki rejiminde, ýagtylyk, reňkleriň dogry deňagramlylygy we ş.m ähli sazlamalary smartfonyň özi edýär.

Gijeki rejimiň artykmaçlyklary.
– Ilkinji we esasy artykmaçlygy, garaňky binalarda ýa-da gijelerinde gowy, ýagty we anyk suratlar.
– Bu rejimi sazlamagyň zerurlygy ýok
– kamera surat üçin saýlanan peýzaja baglylykda ýagtylyk derejesini awtomatiki düzýär we gumlanma ýaly bulanyklyklary aýyrýar.
– Gijeki rejimi ulanyp surata düşüreniňde tripoda (штативе), goşmaça yşyklandyryş ýa-da suratçynyň hünär ussatlygyna zerurlygy ýok. Ol her kim günüň islendik wagtynda we islendik ýagtylykda ajaýyp suraty düşürüp biler ýaly döredildi.

Gijeki rejimiň kemçilikleri
– Gijeki rejim hereket edýän obýektleri surata düşürip bilmeýär, “köp kadrly” tehnologiýany ulanýanlygy sebäpli hereketdäki hemme zat bulanyklaşýar.
– Smartfony eliňizde byraz uzak saklamaly bolarsyňyz. Gijeki rejimiň uýgunlaşmagy üç sekunt dowam edýär, şol döwürde kamerany dogry gymyldatman tutup durmaly bolarsyňyz. Şonuň üçin gijeki suratlar feýerwerk, salýutlary ýa-da hereket edýän awtoulaglary surata düşürmek üçin amatly däl.

