Instagramdaky suratlary wideolary saklap galmak üçin 48 sagat wagt.

Rus metbugatyna gözegçilik etmek, senzura etmek üçin jogapkär Russiýanyň federal ýerine ýetiriji guramasy Roskomnadzor, Instagram sosial ulgamyny düýbünden petiklejekdigini habar berdi. Bir hepde öň Russiýanyň habar beriş serişdelerine garşy diskriminasiýa sebäpli Facebook petiklenipdi, ýöne bu gezek Roskomnadzor Metanyň käbir ýurtlarda moderatorlara rus goşunlaryna garşy zorluga çagyrýan postlara rugsat bermegi sebäpli bloklaýandygyny aýtdy.

Instagram, ruslara garşy zorluga we öjükdirýän habarlar ýaýradýar, şol sebäpli Russiýanyň Baş prokuraturasy Roskomnadzordan bu sosial ulgama girmegi çäklendirilmegini talap edýär.

Instagram Russiýada eýýäm petiklenip başlanan bolsa-da, Roskomnadzor ulanyjylara sosial ulgamda ýerleşdiren suratlaryny we wideolaryny ýükläp saklap galmaklary üçin 48 sagat wagt berjekdigini aýtdy.

Aktiw Instagram ulanyjylaryna suratlaryny we wideolaryny beýleki sosial ulgamlara geçirmek we aragatnaşykdakylaryna we abonentlerine (yzarlaýjylaryna) habar bermek üçin wagt gerek bolýanlygy sebäpli, Roskomnadzor goşmaça 48 sagatlyk geçiş wagty bilen 14-nji mart sagat 00: 00-da Instagram-a girmegi çäklendirmek prosedurasyny tamamlanmagyna karar berdi.

Instagram-yň baş direktory Adam Mosseri Instagram duşenbe güni Russiýada petiklener. Bu karar Russiýada 80 million adamy biri-birinden we dünýäniň beýleki ýerlerinden keser, bu nädogry diýip öz resmi twitter sahypasynda twit atdy.

Blokirlemek WhatsApp Messenger-ine täsir etmeýär. Facebook we Twitter Russiýada eýýäm petiklenipdi. Mundan öň Russiýanyň Baş prokuraturasy Meta holdingiň (İnstagramda eýesi bolan şereket) ekstremist gurama hökmünde ykrar edilmegini we Russiýa Federasiýasynyň çäginde işlemeginiň gadagan edilmegini talap edipdi.

Teswir ýazyň

E-posta adresiniz yayınlanmayacak. Gerekli alanlar * ile işaretlenmişlerdir

Scroll to Top