Käbirleri üçin täze smartfon satyn almak uly şatlyk, käbirler üçin bolsa içgysgynç zerurlyk. Emma iki tarap hem yzygiderli şol bir ýalňyşlyklary goýberýärler.
1. Satyn almak üçin ýer saýlamak Smartfon arzan önüm bolmasa-da, ony bazarlarda, awtobus duralgalarynda ýa-da daşarda elden we beýleki şübheli ýerlerde satyn alýanlar bar. Elbetde, ýokardaky ýaly ýerlerde gymmat önümleri satyn almak akylly karar däl. Munuň sebäpleri dürli bolup biler: smartfonlaryň galp ýa-da ogurlanan enjamlara çenli bolup biler. Iň gowy warianty ýörite dükanlar, dogry şeýle ýerde-de wagtal-wagtal mesele ýüze çykyp biler, ýöne iň bolmanda ýeri ýurdy belli bolan ýerden alsaňyz garşyňyzda hakyňyzy talap etjek adam bolar.
2. Markany saýlamak Birnäçe ýyl bäri şol bir kompaniýanyň smartfonlaryny ulanýan bolsaňyz, geljekde-de öňküsi ýaly dowam etjekdigini göz öňüne getirip bilersiňiz. Emma soňky ýyllaryň wakalary gowy zatlaryň baky dowam etmeýändigini görkezdi. Öň meşhur markalar (LG, HTC, Sony) birnäçe ýalňyşlyk goýberendigi sebäpli köp ulanyjylaryna ejir çektirip soňra smartfon öndürmegi düýbünden bes edendigi mälimdir.
3. Tehniki aýratynlyklara doly düşünmän karar bermek Görkezilen spesifikasiýalaryň birmeňzeş köp wariant bar, ýöne ulanylyşynda hakyky hilini görkezmeýär. Mysal üçin, kameranyň megapikselleri. Arzan bahaly smartfonda 48 megapiksel kamerany görýäris we begenip satyn alýarys. Soňra ol smartfonda alynan suratlaryň hili, 3-4 ýyl ozal ulanan smartfonymyzyň kamerasy ýaly çykýar. (Mif: Kamerada megapiksel näçe köp bolsa, suratlar şonça gowy) Megapikselleriň sany diňe surat ölçegine täsir edýär, ýöne hiline däl. Aslynda, şekiliň hili pikseliň ululygyna, diýafragma, durnuklaşdyryş (стабилизация) funksiýalaryna we şekili gaýtadan işleýän programma üpjünçiliginiň algoritmlerine we lensleriň hiline baglydyr. Mysal Google Pixel 5 we Apple iPhone 12/13 -de bary-ýogy 12 megapikselli iki kamera bar we henizem bazardaky iň gowy surata düşýän smartfonlar bolup durýar.
Şeýle hem, ýat görnüşi (arzan eMMC ýa-da çalt UFS), ekranyň diagonaly we matrisa görnüşine, batareýanyň güýjüne, şeýle hem dürli çipsetleriň benchmark hilelerini gözden gaçyryp bilner. Düşünýän tanyşlar bilen maslahatlaşyň ýa-da meseläni özüňiz çözüň (internetdäki maglumatlara esaslanyp).
4. Satyjylaryň hilelerine düşmek. Smartfony saýlanyňyzda özüňiz karar beriň satyjy däl. Satyjy siziň üçin gowy bolanyny däl özü satmak isledigi smartfony aldyrar.Şol bir baha has gowy alternatiw bolup biler ony size aýtmaz.
5. Täze model smartfon kowalamaň Bu esasanam flagmanlar üçin däl, eýsem smartfonlaryň arzan modelleri üçinem degişli. Bazara çykarylanda, täze modelde adatça programma üpjünçiligi bilen düzedip boljak (we hemişe däl) birnäçe problema bolýar. Öndüriji üçin mugt beta synagçysy bolmak islemeýän bolsaňyz, wagtyny alan synagyndan geçen smartfony saýlaň. Täze Model smartfonlar ýurdymyza ilkinji partiýalarda byraz gymmat geler şonuň üçin 6 aý wagtyny alan problemalary giderilen bahasy oturan modellerden saýlaň.
