Apple, Netflix we Google kompaniyalaryň islendik ortaça kompaniýadan 40 göterim has netijeli. Bu diňe ýokary hünärli hünärmenleri işe almagyndan däl.
-Maglumatlarymyza görä, bu kompaniýalarda ýyldyz oýunçylarynyň 16% -i galan kompaniýalaryň bolsa 15% deňdir. Gep şol hünärmenleriň işleri nähili gurnaýanlygynda. diýýär Bain & Company-niň hyzmatdaşy we dolandyryş geňeşçisi Maýkl Menkins:
Bu işgärler beýleki işçileriň bir hepdede edýän işlerini penşenbe güni sagat 10-a tamamlap bilerler we iň esasysy, olar bilen işlemegi bes etmezler. Işlemekde dowam ederler. Bu tapawut ýyllar boýy jemlener we on ýyldan soň kompaniýa işgärleriň sanyny köpeltmezden beýleki kompaniýalara garanyňda 30 esse tiz ulalar. Maýkl Menkins
1.Gowy işgärleri dogry paýlamak
Ortaça kompaniýalarda adatça dürli wezipelere deň zehinli işgärleri bölýär. Google we Apple başga bir strategiýa eýerýärler. Biznesi ösdürmek üçin iň möhüm wezipeleri kesgitleýärler we bu wezipeleriň 95% -ine ýokary hünärli hünärmenleri belleýärler. Beýleki wezipelerde ýyldyz oýunçylary az bolar.
Menkins 2000-nji ýyllaryň başynda Apple we Microsoft-daky ýagdaýy mysal hökmünde getirýär. IPhone OS -yň ilkinji wersiýasyny işläp düzmek, synagdan geçirmek we durmuşa geçirmek üçin Apple-de 600 programist we iki ýyldanam az wagt ýeterli boldy. Microsoft-da bolsa 10 000-den gowrak programist bilen Windows Vista ulgamyny 5 ýil diýende çykaryp bildiler.
Apple-de işgärler diňe toparlaýyn işleriniň netijeleri üçin sylaglanýarlar. Microsoft-da höweslendiriş aýratyn işgärleriň işine esaslanýar. Soň Microsoft hem bu stilden ýüz öwürdi.
2. Guramaçylyk işileri gysgaltmak.
Ortaça kompaniýada işgärler wagtynyň 25 göteriminden gowragyny guramaçylyk we kagyz işlerine sarp edýärler. Esasanam çykdajylary dolandyrmak üçin köp wagt gider.
-Kompaniýalaryň köpüsinde çykdajy çäklendirmeleri, hasabatlar, barlaglar bar -diýdi Menkins. – Netflix-de beýle zat ýok. Diňe bir düzgün bar – Netflix-iň bähbidine hereket etmek. Kompaniýa öz işgärlerine şeýle diýýär: <<Kompaniýanyň hasabyna ýaşamak üçin bu ýerde oturmaýandygyňyza ynanýarys we işgärleriň wagtyny we güýjüni alýan guramaçylyk işlerini azaltýarys>>
Haçan işgärler guramaçylyk işlerine ünsüni az sowsa has netijeli işleýärler.Maýkl Menkins
3. Ylham beriji ýolbaşçylyk.
Öz işinden kanagatlanýan işgäre garanyňda işine gyzyklanýan işgär 44 göterim netijeli işlär. Şonda işinden ylham alan işgärler, işinden kanagatlanan işçilere garanyňda 125 göterim has öndürijilikli işleri ýöreder! Şonuň üçin işgärlerine ylham berip bilýän kompaniýalar beýlekilerden has üstünlikli.
Menkins: – Zehin entek hemme zat däl . Bir adam tutuş kompaniýanyň üstünligine täsir edip bilmez. Näçe täze zehinleri işe alyň – kompaniýada eýýäm döredilen iş proseslerine öwrenişdirseňiz, bu ädim size kömek etmez. Iň öndürijilikli kompaniýalar diňe bir zehinli işgär däl-de, tutuş topara ünsi jemleýärler-diýdi.
