Häzirki zaman smartfon pudagynda uly paýa eýe bolan Samsung smartfonynyň müňlerçe Android programmalaryny işleýşini çäklendirip gizlin haýalladýandygy orta çykdy.

Android Authority tarapyndan paýlaşylan maglumata görä, ulgamyň işleýşini gowulandyrmak we aşa gyzmagyň öňüni almak üçin Oýun optimizasiýasy hyzmatyndan (GOS) peýdalanýan Samsung, sistema programmalarynyň, Google programmalarynyň, we 10 000-den gowrak üçünji tarap programmalaryň işleýşini çäklendirmek arkaly doly güýjünde işlemeginiň öňüne geçýär. Smartfonlaruň temperaturasy pes derejede bolsa-da, programmalarda çäklendirme bolýanlygy doly güýjünde işlemeýänligi we Geekbench ýaly test programmalary açylanda bu çäklendirmäniň awtomatiki usulda aýrylýandygy we telefonyň has köp bal gazanmagyna mümkinçilik döredýändigi habar berildi
Samsun bu mesele hakynda beýanatynda:

Salam Biz Samsung. Ulanyjylar üçin opsiýany giňeltmäge we iň amatly öndürijiligi üpjün etmek üçin müşderileriň pikirlerini birleşdirmäge synanyşýarys.
GOS (Oýun optimizasiýasy hyzmaty) uzak wagtlap oýun oýnanda gyzmagyň öňüni almak üçin CPU we GPU-syny optimizirlemek üçin öňünden gurulandyr. Dürli müşderilerimiziň soňky isleglerini kanagatlandyrmak üçin Game Booster laboratoriýasy programmalaryň tizligi gowulandyrmak üçin mümkin boldugyça gysga wagtda täzelenme bermegi planlaýarys. Soň bolsa olaryň pikirlerini diňlemek bilen müşderilerimiziň kanagatlanmagy we howpsuzlygy üçin elimizden gelenini ederis. Sag boluň.
Şeýlelik bilen Samsung ulanyjylaryna Oýun optimizasiýasy hyzmaty sebäpli programmalaryň haýalladandygyny boýnuna aldy we meseläni tiz wagtda geljek täzelenme arkaly çözüljekdigine wada berdi.
